Göwnejaý taýýarlyk —üstünligiň gözbaşy
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Göwnejaý taýýarlyk —üstünligiň gözbaşy

Ykdysadyýet
28.08.2026  55

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Daşoguz welaýatynyň  pagtaçy daýhanlary 140 müň gektar meýdanda gowaçanyň bereketli hasylyny kemala getirmegi maksat edinip, bu ugurdaky derwaýys çäreleri yzygiderli, talabalaýyk alyp bardylar. Olaryň ene topraga siňdiren yhlasly zähmetleriniň guwandyryjy netijeleri berýändigini häzirki döwürde şol ýerlerde boýy ýeten, berdaşly düýplerde ilkinji açylan gozalaryň, bişen körekleriň, sanardan köp gül-gunçalaryň emele gelip, döredýän ajaýyp görnüşleri doly subut edýär. Munuň özi olaryň ýakyn günlerde «ak altynly» pelleriň bir gyrasyndan baryp, ýagşy umyt-arzuwlar bilen ýygyma girişjekdiklerini, möwsümiň ahyryna çenli özleriniň öndürijilikli, ýadawsyz zähmetleri bilen Watan harmanynyň beýgelmegine uly goşant goşjakdyklaryny alamatlandyrýar.

Hakykatdan hem, halk arasynda «Harmandaky hasyl hakyky hasyldyr» diýlişi ýaly, welaýatyň çar tarapa uzap gidýän giň atyz-meýdanlarynda uçursyz zähmet bilen ýetişdirilen pagta hasylyny çalt hem-de ýitgisiz ýygnap almagyň uly ähmiýeti bar. Çünki ata Watanymyzyň, halkymyzyň bibaha baýlygy hasaplanylýan «ak altynyň» her bir hanasynyň biziň ýaşaýyş-durmuşymyzdaky gadyr-gymmaty hemmelere mälimdir.

Şeýle arzyly maksatlary öňde goýmak bilen, häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli pagtaçy daýhanlary, dürli ugurlar boýunça olara ýardam berýän, oba hojalygyna dahylly edara-kärhanalaryň işgärleri örän golaý gelen ýygym möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görýärler. Munuň şeýledigini daýhan birleşiklerinde, kärhanalarda amala aşyrylýan möhüm işler bilen tanyş bolanyňda aýdyň göz ýetirýärsiň.

— Şu ýyl biz 157 gektar meýdanda pagtanyň bol hasylyny kemala getirdik — diýip, Boldumsaz etrabynyň Guwanç Atamedow adyndaky daýhan birleşiginiň 2-nji kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy, tejribeli daýhan Bekmyrat Gurtgeldiýew öňde duran möwsüme görýän taýýarlyklary hakynda şeýle gürrüň berýär:

—Toparymyzda jemi 54 sany kärendeçi daýhan bolup, olaryň ählisiniň diýen ýaly öz işlerinde uly tejribeleri bar. Şoňa görä-de, kärendeçilerimiz şu wagta çenli gowaçalara ideg etmekde zerur çäreleri birkemsiz ýerine ýetirdiler. Şonuň netijesinde häzir meýdanlarymyzyň bereketli hasyly göwnüňi göterýär. Nesip bolsa, ýakyn wagtlarda ýygyma girişip, ýetişdiren ak pagtamyzy isrip etmän, Watan harmanyna goşarys.

Belli bolşy ýaly, gowaça meýdanlarynda kemala getirilen şeýle bereketli hasylyň bökdençsiz kabul edilmegi hem bu babatda iş alyp barýan adamlardan uly jogapkärçiligi, ýadawsyz aladalary talap edýär. Şonuň üçin hem welaýatymyzyň çäklerinde bar bolan harmanhanalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň işgärleri hem derwaýys taýýarlyk çärelerini amala aşyrýarlar. Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň pagta ýygymy möwsüminde welaýatymyz boýunça ýöriteleşdirilen harmanhanalaryň 50-ä golaýynyň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň 10-synyň işgärleri getirilen hasyly kabul etmek hem-de ony gaýtadan işlemek babatdaky çäreleri ýola goýmak maksady bilen, oňat taýýarlyk gördüler. Şonda kabul ediş bölümleriniň, kärhanalaryň gerekli enjamlar, ölçeg, barlag gurallary bilen ýeterlik üpjün edilmegine aýratyn üns berildi. Şonuň ýaly-da olaryň işgärleriniň arasynda ýangyn hem-de tehniki howpsuzlyk düzgünlerini pugta berjaý etmek boýunça degişli düşündiriş işleri guraldy.

Bu babatda aýdylanda, Köneürgenç şäherindäki ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bolan döwrebap kärhanada, şeýle hem Görogly, Akdepe, Gubadag etraplarynyň, Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan pagta arassalaýjy kärhanalarynda has-da ýokary netijeleriň gazanylandygyny bellemek gerek. Munuň özi olaryň işçi-hünärmenleriniň yhlasly zähmetleri bilen baglanyşyklydyr.

Elbetde, ýygym möwsüminde hasylyň kabul ediş bölümlerine bökdençsiz daşalmagynyň esasy aladalaryň biri bolup durýandygy mälimdir. Şoňa görä-de, bu ugurda ähli mümkinçiliklerden doly peýdalanmak göz öňünde tutulyp, meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde welaýatyň degişli kärhanalarynyň ulaglaryny bu ugra gönükdirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Şeýlelikde, häzirki dowam edýän şan-şöhrata beslenýän ýylymyzyň pagta ýygymy möwsümini üstünlikli geçirmek, atyzlardaky hasyly öz wagtynda ýygnap almak diňe bir pagtaçy daýhanlaryň däl, eýsem, bu ugra dahylly oba hojalyk edara-kärhanalarynyň işgärleriniň öňünde iňňän jogapkärli wezipe bolup durýar. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň uludan tutulýan ýylynyň şanynyň has-da belende göterilmegi şeýle agzybirlikli, arkalaşykly zähmetiň guwandyryjy netijelerine hem baglydyr.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Suw bolçulygyna goşant
29.08.2024   333
Ykdysadyýet Bugdaý ekişi ýokary depginde
23.09.2024   328
Ykdysadyýet Galla — 2026
02.07.2026   95
Ykdysadyýet Täze kärhananyň döwrebap önümleri
02.07.2026   114
Ykdysadyýet Ýokary hilli süýji-kökeler
27.08.2024   425
Ykdysadyýet Guşlaryň täsin dünýäsi
13.08.2025   268
Ykdysadyýet Bugdaýyň idegi ýetirilýär
21.04.2026   119
Ykdysadyýet Datly önümler il saçagyna
04.12.2025   211
image