Göwnejaý işleriň netijesi
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Göwnejaý işleriň netijesi

Ykdysadyýet
29.01.2026  79

Halkymyzyň gadymy sungaty hasaplanylýan haly we haly önümlerini öndürmek boýunça Daşoguz welaýatynyň çäklerinde amala aşyrylýan işlere Daşoguzyň çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçy gelin-gyzlary hem mynasyp goşant goşýarlar. Olar geçen ýylda 1 müň inedördül metrden gowrak haly hem-de haly önümlerini dokamagyň hötdesinden geldiler. Şeýlelikde, kärhana boýunça 3,5 million manatlyga golaý önümiň hyrydarlara ugradylmagy üpjün edilip, önümçilikde uly ösüş gazanyldy.

Kärhananyň ezber elli halyçylarynyň dürli gölleri, nagyşlary salyp dokaýan halylarynyň köpçüligiň göwnünden turýandygyny aýtmak gerek. Şonda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän döwrebap binalar, desgalar üçin taýýarlanylýan, şeýle-de ýörite buýurmalar esasynda halka ýetirilýän haly we haly önümleri örän nepisligi bilen tapawutlanýar. Kärhananyň gazanýan üstünliklerinde onuň Gubadag, Boldumsaz we beýleki etrap önümhanalarynyň halyçylarynyň hem mynasyp goşantlary bar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Sürüm işleri ýokary depginde
28.11.2024   268
Ykdysadyýet Bugdaý ekişiniň depgini ýokary
22.10.2025   109
Ykdysadyýet Bereketli hasylyň binýady
11.04.2026   49
Ykdysadyýet Asyryň taslamasy
29.10.2025   124
Ykdysadyýet Gowaçalara ideg möwsümi dowam edýär
11.07.2024   330
image