Gowaçalara ösüş suwy tutulýar
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Gowaçalara ösüş suwy tutulýar

Ykdysadyýet
15.07.2024  294

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň pagtaçy kärendeçileri 18 müň gektar ýerde gowaçanyň idegini kemsiz berjaý edýärler. Gün-günden kadaly boý alyp, atyzlara gelşik berýän gowaçalar goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär, ösüş suwy tutulýar. Etrabyň gowaça meýdanlaryna ene ýaplardan gelýän, şeýle hem suw sorujylaryň kömegi bilen ösüş suwy tutulýar. Şunda «Köneürgençsuwhojalyk» önümçilik dolanyşygyna degişli suw sorujylaryň 30-dan gowragy hereket edýär. Her bir suw soruja jogapkär hünärmenler, işçiler berkidilip, olaryň saz-gurat işlemegini gazanýarlar. Suw tutmak işlerine daýhan birleşikleriniň topar ýolbaşçylary, miraplary gözegçilik edýärler. Şonuň netijesinde, her gün 600 gektara golaý ýerde gowaça meýdanlaryna ösüş suwy tutulýar. Gowaçalara talabalaýyk ideg etmek işlerinde etrabyň «Akgala», «Täzegüýç», «Akderýa», «Galkynyş», «Bereket», «Pagtaçy» daýhan birleşikleri has-da tapawutlanýarlar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Datly önümler il saçagyna
04.12.2025   135
Ykdysadyýet Okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy
12.12.2024   278
Ykdysadyýet Gowaça ekişi öndürijilikli barýar
23.04.2024   291
Ykdysadyýet Giň ýaýladaky zähmet joşguny
11.10.2025   134
Ykdysadyýet Ykdysady ösüşleriň aýdyň nyşany
11.03.2025   202
Ykdysadyýet Halal gazanç — rysgal-döwlet
29.07.2024   284
Ykdysadyýet Tehnikanyň sazlygy — üstünligiň kepili
16.08.2025   171
Ykdysadyýet Göwnejaý işleriň netijesi
29.01.2026   84
image