Gowaçalara ideg möwsümi dowam edýär
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Gowaçalara ideg möwsümi dowam edýär

Ykdysadyýet
11.07.2024  333

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň pagtaçy kärendeçileri gowaçalaryň ideg möwsüminde hatarara bejergi, ösüş suwyny tutmak bilen bir hatarda, olary zyýan berijilerden goramak işlerine-de uly üns berýärler. Etrap boýunça 15-sany biolaboratoriýalar hereket edip, ekinlere gerekli bioönümler taýýarlanýar. Daýhan birleşiklerinde, dökünhimiýa bazasynda, pagta arassalaýjy kärhanasynda hereket edýän laboratoriýalarda öz işine ezber işçi-hünärmenler zähmet çekip, taýýarlanýan bioönümleriň talabalaýyk bolmagyny gazanýarlar. Häzirki wagtda gowaça meýdanlaryna trihogramma, gabrabrakon, altyngözlije goýbermek işi alnyp barylýar. Her günde etrap boýunça 750 — 800 gektar ýere peýdaly mör-möjekler goýberilýär. Ekinleri zyýan berijilerden goramakda «Akgala», «Bereket», «Maslahat», «Täzeýap», «Zaman» daýhan birleşikleri aýratyn tapawutlanýarlar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Kömelegiň bereketli hasyly
27.10.2025   119
Ykdysadyýet Gök ekinleriň idegi ýetirilýär
05.06.2024   320
Ykdysadyýet Hususy kärhananyň döwrebap işleri
29.05.2025   193
Ykdysadyýet Meýdan işleri ýokary depginde
29.11.2025   117
Ykdysadyýet Gowaça bejergisi güýçli depginde
18.06.2024   296
Ykdysadyýet «Gyş suwy — gyzyl...»
04.02.2025   237
Ykdysadyýet «Ak altynly» pellerdäki joşgunly zähmet
18.09.2024   243
image