Şu günler oba hojalykçylar üçin örän jogapkärli möwsüm dowam edýär. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Täze güýç» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri şu ýyl 1750 gektar ýerde gowaça ekişini geçirip, oňat gögeriş gazandylar. Häzirki wagtda olar hatarara bejergi işlerini ýokary depginlerde alyp barýarlar. Bu çärelerde daýhan birleşiginiň hem-de etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň tehnikalarynyň jemi 8-si işledilýär. Göreldeli mehanizatorlardan Teňňilbaý Berdişow, Kuwwat Annaýew, Kadyr Agamedow, Kabul Meredow dagyny görkezmek bolar. Ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy netijesinde her gün daýhan birleşiginde 80—90 gektar ýerde hatarara bejergi işleri talabalaýyk geçirilýär. Eziz Saparow, Maksat Meredow, Zybagözel Atajanowa, Selbi Baýrambaýewa ýaly tejribeli kärendeçileriň gowaça meýdanlaryny synlanyňda, bereketli altyn güýzde bol hasylyň kemala geljekdigine berk ynam döreýär. Möwsümleýin meýdan işleriniň öz wagtynda, talabalaýyk ýerine ýetirilmegi netijesinde gowaçalar kadaly boý alýarlar.