Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň ähli künjeklerinde gowaça göwnejaý ideg etmeklige gönükdirilen çäreleriň depgini barha giň gerime eýe bolýar. Özleri barada döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny guwandyryjy üstünliklere beslemegi maksat edinýän pagtaçy daýhanlar giň meýdanlarda ir ertirden giç agşama çenli öndürijilikli zähmet çekýärler. Şonuň netijesinde-de günsaýyn boý alyp, gül-gunçalara basyrynýan gowaçalar atyzlara bezeg berýär. Munuň şeýledigini welaýatyň Görogly etrabynyň çäklerinde hem görmek mümkin.
Etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileriniň hem bu babatdaky derwaýys işleri guramaçylykly alyp barýandyklaryny bellemek bolar. Olar şu ýylyň baharynda jemi 1600 gektar meýdana gowaça ekip, kadaly gögeriş gazanmak bilen, onuň ideg çärelerine-de öz wagtynda girişipdirler. Şu geçen döwürde gowaçalary ýekelemek, haşal otlardan arassalamak, iýmitlendirmek boýunça işler ýokary hilli ýerine ýetirilipdir. Şu günlerde bolsa olara ösüş suwuny tutmaklygy talabalaýyk amala aşyrmak ugrunda ähli çäreler görülýär.
Şeýlelikde, daýhan birleşiginiň ähli kärendeçiler toparlarynda gowaçalara ideg etmek işleri utgaşykly alnyp barylýar hem-de bu babatda oňat netijeler gazanylýar. Bu barada aýdylanda, Batyr Kuwwadowyň, Jumageldi Baýryýewiň, Tirkeş Kullyýewiň ýolbaşçylyk edýän kärendeçiler toparlarynyň agzalarynyň has-da tapawutlanýandyklaryny aýtmak bolar. Olaryň agzybirlikli zähmeti köplere görelde bolýar.
Şu ýerde ady agzalan Batyr Kuwwadowyň ýolbaşçylygyndaky 14-nji kärendeçiler toparynyň zähmetsöýer daýhanlary şu ýyl 113 gektar meýdana gowaça ekipdirler. Häzirki wagtda olar gowaça bejergisine ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirýärler. Bu babatda toparyň işeňňir agzalary hasaplanylýan Aşyrdurdy Işangulyýewiň, Mähriban Annaberdiýewanyň, Ýagmyr Galanowyň we beýlekileriň gowaçalara ideg etmekde bitirýän hyzmatlary aýratyn bellärliklidir. Çünki olar bu babatdaky zerur çäreleri öňdäkileriň hatarynda, birkemsiz berjaý edip, hasyla hasyl goşulýan häzirki döwürde öz başarjaňlyklaryny görkezýärler.
Gowaça bejergisinde daýhan birleşigine degişli traktorlaryň 15-e golaýynyň, şeýle hem etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň tehnikalarynyň ençemesiniň güýjünden peýdalanylýar. Olara erk edip, bellenilen çäreleri göwnejaý ýerine ýetirmekde başarjaň mehanizatorlar Aýmyrat Otuzow, Geldibaý Artykgulyýew, Maksat Kuwwadow dagy işjeňlik görkezýärler. Şeýle janypkeş mehanizatorlaryň yhlasy bilen gowaçalaryň hatar arasyny ýumşatmak, joýa çekmek ýaly işleriň ýokary hilli berjaý edilmegi gazanylýar.
Häzirki wagtda esasy aladalaryň biri gowaçalara ösüş suwuny bermekden ybarat bolup durýar. Daýhan birleşiginde onuň diňe bir öndürijilikli bolmagyna däl, eýsem, agrotehniki görkezmelere laýyklykda amala aşyrylmagyna hem aýratyn üns berilýär. Sebäbi suwuň tygşytly ulanylmagy onuň bisarpa harçlanylmagynyň öňüni almak bilen birlikde, gowaçalaryň kadaly ösmegine-de oňaýly täsirini ýetirýär. Muňa oňat düşünýän kärendeçiler, degişli hünärmenler derwaýys işleri durmuşa geçirýärler.
Hawa, akyldar şahyrymyzyň hormatynyň has belende galdyrylýan şanly ýylynda onuň adyny göterýän bu daýhan birleşiginiň pagtaçylary joşgunly zähmet çekýärler. Olaryň «ak altynyň» saldamly harmanyny döretmegiň binýady bolan gowaçalara ideg etmekde tomus paslynyň häzirki günleriniň her bir pursadynyň ähmiýetiniň örän uludygyna göz ýetirmek bilen, amala aşyrýan çäreleri guwandyryjy üstünlikleriň gözbaşy bolup durýar.