Gowaça ekişiniň depgini ýokarlanýar
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Gowaça ekişiniň depgini ýokarlanýar

Ykdysadyýet
04.04.2026  133

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşigi öňdebaryjy hojalyklaryň biri hasaplanýar. Şu günlerde gowaça ekişinde hem bu daýhan birleşiginiň kärendeçileri ýokary görkezijilere eýe bolýarlar. Şu möwsümde hojalykda 1500 gektar ýerde gowaça ekişini geçirmeklik meýilleşdirildi. Bu ugurda kärendeçileriň 450-den gowragy arman-ýadaman zähmet çekýär.

— Şu ýylyň gowaça ekişi möwsümine birkemsiz taýýarlyk görüldi. Şonuň netijesinde birleşigimizde bu çäre bellenen meýilnama laýyklykda barýar. Ekiş möwsüminde daýhan birleşigimiziň tehnikalary bilen bir hatarda, etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň tehnikalary hem netijeli ulanylýar. Ýerler goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. Sürüm, mala basmak, ekiş geçirmek, tohum, dökün daşamak ýaly işlerde tehnikalar öndürijilikli işledilýär. Göreldeli mehanizatorlardan Parahat Dörmenow, Nurgeldi Mirişow, Baýramgylyç Musaýew, Döwletmyrat Käbäýew dagynyň birleşen tagallalary bilen her günde 15 — 20 gektar ýerde ekiş geçirilýär. Häzirki wagtda gowaça ekişi Nurjan Amangylyjow, Döwletmyrat Atajanow, Abat Hojahmetow dagynyň ýolbaşçylyk edýän 1,4,11-nji kärendeçiler toparlarynda has-da ýokary depginlerde barýar — diýip, daýhan birleşiginiň hünärmeni, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Gurban Aşyrow gürrüň berýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Sürüm ýokary depginde
12.07.2025   302
Ykdysadyýet Hatarara bejergi geçirilýär
01.05.2024   405
Ykdysadyýet Işler talabalaýyk guralar
20.05.2025   285
Ykdysadyýet Süýtli külçe
10.06.2025   271
Ykdysadyýet Ýörite tehnikalaryň täze tapgyry
15.01.2026   188
Ykdysadyýet Asyryň taslamasy
29.10.2025   228
image