Gowaça ekişiniň depgini ýokarlanýar
weather dashoguz -8° C Daşoguz

Gowaça ekişiniň depgini ýokarlanýar

Jemgyýet
03.04.2024  67

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Daşoguz welaýatynyň zähmetsöýer pagtaçylary gowaça ekişini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Olaryň gowaça ekişini irki möhletde tamamlamak üçin bar yhlaslaryny gaýgyrmaýandyklaryna Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň daýhan birleşiklerinde bolanyňda aýdyň göz ýetirýärsiň.

Etrabyň «8-nji mart» daýhan birleşiginiň kärendeçileri şu ýyl 1250 gektar ýerde gowaça ekişini amala aşyrmagy maksat edinýärler. «Ir eken utar» diýen pähime eýerýän, birleşigiň Anna Muhammedow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 10-njy kärendeçiler toparynda alnyp barylýan işleri synlanyňda, daýhanlaryň, mehanizatorlaryň we hünärmenleriň tagallalary netijesinde, gowaça ekişiniň barha gyzyşýandygyny görmek bolýar.

Häzirki wagtda oba hojalyk işlerinde dürli kysymly kuwwatly, daşary ýurt tehnikalarynyň ulanylmagy ekişi ýokary hilli amala aşyrmaga şert döredýär. Gowaça ekişinde «Monosem» kompaniýasynyň gowaça ekijilerinden peýdalanylýar. Bu ekiji bilen ekilende, gowaça tohumy ep-esli tygşytlanylýar, ýekeleme döwründe daýhanlaryň el işlerini ýeňilleşdirýär, tohum çalt we hatasyz gögerip çykýar. Häzirki wagtda bu ekiji günüň dowamynda 30 gektar ýerde ekiş geçirmäge mümkinçilik berýär. Gowaça ekişiniň bu depgini ekişiň öz wagtynda tamamlanjakdygyna güwä geçýär.

Etrabyň «Görelde» daýhan birleşiginiň edermen pagtaçylarynyň hem gowaça ekişine ýokary guramaçylykly girişdiler. Bu ýerde ekiş işleri 8-nji kärendeçiler toparynda ýokary depginde alnyp barylýar. Gazak Amanow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän bu toparyň pagtaçy kärendeçileri 180 gektar ýere gowaça ekmegi meýilleşdirýärler. Daýhan birleşiginde Şirin Baýramdurdyýewa, Döwletgeldi Garahanow, Ömruzak Satybaldyýew, Gurbangeldi Kakabaýew ýaly pagtaçy kärendeçiler ýerleri gowaça ekişine doly taýýarladylar. Etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary Sapargylyç Saparow, Magsat Gişşaýew, Begmyrat Gökleňow, daýhan birleşiginiň tejribeli traktorçylary Rejepgeldi Atamow, Arazgeldi Baýramow dagy gowaça ekişiniň ýokary hilli we çalt depginde amala aşyrylmagy üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.

Meňzeş habarlar

image