Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň gowaça ekiş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlykly barmak häzirki günlerde Daşoguz welaýatynyň pagtaçy daýhanlarynyň esasy aladasyna öwrüldi. Şeýlelikde, olar ekin meýdanlarynda alnyp barylýan derwaýys çäreleriň depginini has-da ýokarlandyrdylar. Munuň şeýledigini Boldumsaz etrabynyň hojalyklarynyň mysalynda-da görmek mümkin. Bu barada etrabyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň başlygy Ilmyrat Ýagşymyradow şeýle gürrüň berdi:
— Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolan pagtaçylygy ösdürmek babatda öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen, birleşigimiziň kärendeçi daýhanlary ýylyň-ýylyna yhlasly zähmet çekip, ene toprakdan bereketli hasyl alýarlar. Olaryň şu ýyl bu ugurdaky işleri has-da göwnejaý amala aşyrýandyklaryny aýratyn belläsim gelýär.
Belli bolşy ýaly, şu ýyl daýhan birleşigimiz boýunça 400 gektar meýdanda «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirmek meýilleşdirildi. Şunlukda, geçen ýylyň ahyrlarynda bu ugurdaky aladalara badalga berlip, ekin meýdanlarymyzda sürüm, tekizleme işleri talabalaýyk ýerine ýetirildi. Şondan soňra olarda ýuwuş suwuny tutmaga-da ýeterlik üns berildi. Häzirki günlerde bolsa bu iş tamamlaýjy tapgyrda dowam etdirilýär.
Birleşigimizde kärendeçi daýhanlaryň 205-si şu ýyl pagtaçylykda iş alyp barmak barada şertnama baglaşdy. Olaryň köpüsi bu ugurda tejribeli adamlar. Pagtaçy daýhanlarymyzy özüne birleşdirýän kärendeçiler toparlarymyzyň 3-si hereket edýär. Olara Nurmuhammet Begjanow, Gündogdy Tätiýew, Myratgeldi Galpakow dagy ýolbaşçylyk edýärler. Kärendeçiler toparlarymyzda işleriň guramaçylykly amala aşyrylmagynda, her bir çäräniň öz wagtynda, talabalaýyk ýerine ýetirilmeginde olaryň uly goşantlary bar.
Ýeri gelende, birleşigimizde geçen ýyl her gektardan 30 — 35 sentnerden geçirip pagta hasylyny ýygnap, Watan harmanyna goşan, şu ýyl hem golaýlap gelýän ýaz ekişine taýýarlyk görmekde öňe saýlanýan kärendeçi daýhanlarymyzyň köpdügini bellemek ýerlikli bolar. Olardan Bahar Hojykowa, Durdy Durdyýew, Gunça Saparowa, Arazbike Duşmädowa dagynyň atlaryny agzamak ýerliklidir.
Meýdan işlerinde kärendeçi daýhanlarymyza başarjaň mehanizatorlarymyzyň ençemesiniň ýakyndan ýardam berýändikleri hem bizi örän guwandyrýar. Olaryň hatarynda Garlybaý Hojanepesow, Kakamyrat Sopyýew, Hojamyrat Baýjanow we beýlekiler bar.
Hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldawlary, döredýän şertleri kärendeçi daýhanlarymyzy yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyryp, ýokary netijeleri gazanmaga höweslendirýär. Bu babatda geçen ýylyň hasylyndan başlap, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy has-da uly ähmiýete eýe boldy. Şonuň esasynda ýylyň jemleri boýunça hasaplaşyk geçirilende pagtaçylarymyz önjeýli girdeji gazandylar. Bu bolsa olaryň şu ýylyň bol hasyly ugrundaky aladalara uly hyjuw bilen girişmeklerine, möwsümleýin işleriň depgininiň turuwbaşdan güýçlendirmeklerine itergi berdi.
Bilşimiz ýaly, şu ýylyň ýaz ekişi möwsüminiň badalga almagyna-da sanly gün galdy. Onuň öndürijilikli, guramaçylykly, bökdençsiz geçirilmeginiň bol hasylyň ýetişdirilmeginde örän ähmiýetlidigine hemmämiz oňat düşünýäris. Şoňa görä-de, kärendeçi daýhanlarymyzyň, mehanizatorlarymyzyň, ähli hünärmenlerimiziň öňde duran möwsümde özleriniň jogapkärçiliklerine, üstlerine ýüklenilýän borçlara pugta düşünmek bilen, yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynamymyz bar. Sebäbi ýokary hilli ekişiň bereketli hasylyň berk binýadydygyna olar gowy düşünýärler.