Gowaça bejergisiniň depgini ýokary
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Gowaça bejergisiniň depgini ýokary

Ykdysadyýet
08.05.2025  241

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Täze güýç» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 1620 gektar meýdanda «ak altynyň» bereketli hasylyny kemala getirmek ugrunda möhüm agrotehniki çäreleri durmuşa geçirýärler. Olar kadaly gögeriş alnan meýdanlarda gowaça bejergisine etrapda ilkinjileriň hatarynda girişip, bu işiň depginini günsaýyn güýçlendirýärler. Daýhan birleşiginde 9 sany kärendeçiler topary bolup, olarda 360 kärendeçi öndürijilikli zähmet çekýär. Tejribeli kärendeçi daýhanlaryň her biri özüne berkidilen meýdanlarda gowaçalary ýekelemek, haşal otlardan arassalamak, goşmaça iýmitlendirmek ýaly işleri öz wagtynda amala aşyryp, olaryň kadaly ösmegine şert döredýärler. Hatarara bejergisini geçirmekde daýhan birleşiginiň hem-de etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň traktorlarynyň güýjünden öndürijilikli peýdalanylýar.

Biz hatarara bejerginiň barşy bilen gyzyklanyp Haýtmyrat Esenowyň ýolbaşçylygyndaky 1-nji kärendeçiler toparyna baranymyzda, kärendeçi Durdyjan Arazowyň 10,30 gektar gowaça meýdanynda bejergi işleriniň gyzgalaňly barýandygynyň, bu ugurda jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň hem çetde durmaýandygynyň, öňdebaryjylaryň armasynyň ýetirilýändiginiň şaýady bolduk.

Häzirki günlerde daýhan birleşigi boýunça hatarara bejergi işleri günde 20 — 25 gektar ýerde geçirilip, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. Şeýle yhlas, alada ýaşajyk gowaçalaryň talabalaýyk ösmegine zerur şert döredýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Üstünlik yhlasa bagly
10.10.2025   191
Ykdysadyýet Gallaçylaryň gaýratly zähmeti
05.02.2025   267
Ykdysadyýet Bereketli ekiniň idegi ýetirilýär
02.07.2024   355
Ykdysadyýet Ak ýol bolsun, «ak kerwen!»
10.09.2025   254
Ykdysadyýet Bereketli hasylyň binýady
04.01.2025   312
Ykdysadyýet Ekişiň depgini güýçlenýär
29.03.2025   318
Ykdysadyýet Bugdaý ekişi göwnejaý geçiriler
22.08.2026   72
Ykdysadyýet Ösüşiň möhüm ugry
14.12.2023   382
image