Gowaça bejergisi ýokary depginde
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Gowaça bejergisi ýokary depginde

Ykdysadyýet
10.08.2024  404

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «ak altynyň» bereketli harmanyny döretmek ugrundaky derwaýys çäreler welaýatymyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Agzybirlik» daýhan birleşiginde hem giň gerimde amala aşyrylýar. Birleşigiň pagtaçy kärendeçileri häzirki wagtda 900 gektar meýdanda kadaly boý alyp, hasyl toplap, göwünlerini galkyndyrýan gowaçalaryň ideg işlerine aýratyn üns bermek bilen, oňat netijeleri gazanýarlar. Şonda bu ýerde şu dowam edýän ýylymyzda pagtaçylyk bilen meşgullanýan 560-a golaý kärendeçiniň köpüsi başgalara görelde bolmagy başarýarlar. Şeýlelikde, gowaçalary haşal otlardan arassalamak, suwarmak, zyýankeşlerden goramak bilen birlikde, olaryň ujuny çyrpmak işleri hem ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Bu babatda zähmetsöýer kärendeçilerden Maýsa Ataýewanyň, Aýnabat Ballyýewanyň we beýlekileriň has-da tapawutlanýandyklaryny bellemek ýerliklidir. Birleşigiň pagtaçylarynyň şeýle agzybirlikli zähmeti olaryň şu ýyl uly üstünliklere eýe boljakdyklaryndan habar berýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Bereketli ekiniň idegi ýetirilýär
02.07.2024   351
Ykdysadyýet Ak pagta — milli baýlygymyz
12.09.2024   370
Ykdysadyýet Hasyl ýangyndan goralmalydyr!
03.09.2025   289
Ykdysadyýet Okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy
12.12.2024   344
Ykdysadyýet Bereketli hasyl ugrunda
04.05.2026   132
Ykdysadyýet Köpçülige derwaýys önümler
31.01.2026   148
Ykdysadyýet Hasyl toýuna
09.11.2024   368
image