Gowaça bejergisi gyzgalaňly barýar
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Gowaça bejergisi gyzgalaňly barýar

Ykdysadyýet
21.07.2025  355

Häzirki tomus günlerinde Daşoguz welaýatynyň çar tarapynda zähmetsöýer daýhanlaryň uly yhlasy bilen gurşalyp, idegi ýetirilýän, barha boý alyp, gül-gunçalara beslenýän gowaçaly meýdanlarda zerur işler bilen meşgullanýan adamlara, bejergi geçirýän kuwwatly traktorlara gabat gelmek bolýar. Olaryň janypkeşlikli, sazlaşykly hereketleriniň döredýän özboluşly, ýakymly görnüşlerini synlap, bar üns-aladalarynyň şeýle jogapkärli, gymmatly pursatlardan ýerlikli peýdalanyp, bereketli pagta hasylyny ýetişdirmeklige gönükdirilendigine göz ýetirýärsiň.

Diňe bir Şabat etrabynda däl, eýsem, welaýatda öňdebaryjy hojalyklaryň hatarynda tanalýan S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçi daýhanlarynyň hem bu babatdaky tagallalary hakyky zähmet joşguny bilen tapawutlanýar diýsek, ýalňyş bolmaz. Çünki olar geçen ýyllarda bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da ene toprakdan «ak altyn» öndürmekde öz öňlerinde belent maksatlary goýmak bilen, ähli gujur-gaýratlaryny gözegçilik edýän meýdanlaryndaky gowaçalaryň göwnejaý ösmegini, hasyl düwünçeklerini emele getirmegini gazanmak ugrundaky gaýragoýulmasyz aladalara siňdirýärler.

Şeýlelikde, paýdarlar jemgyýetiniň jemi 7,5 müň gektardan ybarat gowaça meýdanynyň her birinde ideg çäreleriniň talabalaýyk amala aşyrylmagy üpjün edilýär. Şonda gowaçalary iýmitlendirmek, haşal otlardan arassalamak, hatar aralaryny ýumşatmak, ösüş suwuny tutmak ýaly çäreleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň örän oňat netijeleri berýändigini olaryň gapdalyndan geçeniňde hem bilip bolýar. Sebäbi meýdanlarda endigan ösýän gowaçalaryň göni hem-de berdaşly hatarlary bu barada anyk «gürrüň» berýär.

Belli bolşy ýaly, bu ýerde tejribeli topar ýolbaşçylarynyň, öz işini birkemsiz bilýän kärendeçi daýhanlaryň köp sanlysy zähmet çekýär. Şoňa görä-de, olaryň haýsy biri bilen söhbetdeş bolsaň, bereketli pagta hasylyny kemala getirmekligiň öz esasy wezipesi bolup durýandygyna oňat düşünýändigi mälim bolýar. Bu bolsa olaryň gazanýan ýokary netijeleriniň, guwandyryjy üstünlikleriniň girewi hasaplanylýar.

Paýdarlar jemgyýetiniň «Gülüstan» diýlip atlandyrylýan kärendeçiler toparynda şu ýyl 215 gektar meýdana gowaça ekilip, onuň kadaly gögerişi gazanylypdyr. Tejribeli daýhan Ahmet Ýoldaşowyň ýolbaşçylyk edýän bu toparynda jemi 80 sany kärendeçi pagta hasylyny ýetişdirmekde iş alyp barýar. Olaryň köpüsiniň ýylyň-ýylyna bu ugurda uly üstünliklere eýe bolýandyklaryny hem aýdyp geçmek zerurdyr. Şeýle başarjaň kärendeçileriň hatarynda Göwher Kerimowanyň, Merdan Allaýarowyň, Ikram Nurmetowyň, Mädýar Hudaýarowyň, Adalat Abdyllaýewanyň we beýlekileriň atlaryny tutmak bolar.

Topar ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, şu mahala çenli bu ýerde gowaçalar birnäçe sapar iýmitlendirilip, olara iki sapar suw berlipdir, hatar aralary ýumşadylypdyr. Häzirki döwürde bolsa olara üçünji ösüş suwuny tutmak öndürijilikli dowam etdirilýär. Bu ugurda ýokarda ady agzalan, şonuň ýaly-da olaryň göreldesine eýerýän kärendeçi daýhanlaryň ençemesi ýadawsyzlyk görkezýärler.

Paýdarlar jemgyýetiniň pagtaçy daýhanlary şu şöhratly ýylymyzda Watan harmanyna «ak altyn» goşmak babatda özleri üçin has hem belent sepgitleri nazarlaýarlar. Olaryň sözüniň işden aýra çykmaýandygyny bolsa geçen ýyllaryň netijeleri hem tassyklap gelýär. Ýöne olaryň bu ýyl bol hasyla ynamlary has-da berk diýsek, dogry bolar. Sebäbi muny ussat pagtaçylaryň şu günlerdäki iş depginleri öz-özünden aýdyp dur.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Harman barha beýgelýär
22.05.2024   337
Ykdysadyýet Ýaşyl meýdanlar — bol hasyldan nyşan
25.04.2024   346
Ykdysadyýet Jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlyk
15.05.2024   359
Ykdysadyýet Bereket önýän meýdanlar
27.06.2024   348
Ykdysadyýet Yhlasly zähmetiň netijesi
10.08.2024   325
Ykdysadyýet Giň ýaýladaky zähmet joşguny
11.10.2025   183
Ykdysadyýet Ýokary hilli süýji-kökeler
27.08.2024   406
Ykdysadyýet Ýaşyl meýdanlardaky yhlasly zähmet
12.07.2025   246
image