Gowaça bejergisi güýçli depginde
weather dashoguz 12° C Daşoguz

Gowaça bejergisi güýçli depginde

Ykdysadyýet
18.06.2024  129

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň baharynda 1360 gektar meýdanda gowaça ekişini geçirip, kadaly gögeriş gazandylar. Häzirki günlerde şol ýerlerde endigan ösýän gowaça düýplerine ideg etmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Netijede, her günde birleşik boýunça 30 — 40 gektar meýdanda hatararasyny ýumşadyp, gapdallaýyn iýmitlendirmek, haşal otlardan arassalamak ýaly çäreler ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Bu babatda tejribeli kärendeçilerden Bibigül Saryberdiýewa, Aýsoltan Amangylyjowa, Hemra Annalyýew, Saparmyrat Gulpakow, şeýle hem mehanizatorlardan Arazmyrat Sapaýew, Gurbanmyrat Gurbanow dagynyň has-da oňat görelde görkezýändiklerini bellemek bolar.

Ýurdumyzda ene toprakdan dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň, şol sanda pagtanyň öndürilişini artdyrmak babatda döredilýän oňaýly şertler, berilýän goldawlar  kärendeçi daýhanlary hem yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Şunlukda, olar häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda her bir derwaýys çäräni göwnejaý amala aşyrýarlar. Nesip bolsa, olar şu ýyl bereketli pagta hasylyny Watan harmanyna goşup, öňde goýýan sepgide abraý bilen ýeterler.

***

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň pagtaçy daýhanlary hem ýurdumyzda özleri üçin döredilýän şertlerden, goldawlardan ruhlanyp, gaýratly zähmet çekýärler. Munuň şeýledigini etrabyň «8-nji mart» daýhan birleşiginde gowaçalara ideg etmekde amala aşyrylýan işleriň mysalynda-da görmek mümkin.

Daýhan birleşiginde şu ýyl 1250 gektar meýdana gowaça ekilip, ondan 2400 tonna ýokary hilli pagta öndürmek göz öňünde tutulýar. Hereket edýän 14 sany kärendeçiler toparlarynyň ählisiniň agzalary hem öňde goýlan sepgide ýetmek ugrunda agzybirlikli tagalla edýärler. Olaryň gaýratly zähmetiniň netijesinde, otag, hatarara bejergi işleri ýokary depginde barýar. Mehanizatorlar Toýly Şamyradow, Rejepgylyç Öräýew we beýlekiler kärendeçi daýhanlara ýakyndan ýardam berýärler. Birleşigiň ekin meýdanlarynda işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyna kärendeçi daýhanlar bilen birlikde degişli hünärmenler, topar ýolbaşçylary hem uly goşant goşýarlar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Bugdaýyň idegi ýetirilýär
15.01.2025   54
Ykdysadyýet Ýaşyl meýdanlar — bol hasyldan nyşan
25.04.2024   105
Ykdysadyýet Pileçileriň yhlasly işleri
07.05.2024   110
Ykdysadyýet Ýokary hilli süýji-kökeler
27.08.2024   142
Ykdysadyýet Suw bolçulygyna goşant
29.08.2024   87
Ykdysadyýet Täze kärhananyň batly gadamlary
18.07.2024   100
Ykdysadyýet «Ak altynda» hümmet bar
31.10.2024   76
Ykdysadyýet Bereketli hasyl ugrunda
29.01.2025   56
image