Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň galkynyşy
Milli senenamamyzda orun alan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaraly çäreler Daşoguz welaýatynda giňden ýaýbaňlandyrylýar. Geçirilýän baýramçylyk çärelerinde, dabaralarda, maslahatlarda bagtyýarlyk döwründe medeniýetiň we sungatyň guwançly ösüşlere, täze röwüşe eýe bolýandygy, halkyň köňlünde ýaşaýan beýik akyldar şahyryň pähim-parasada eýlenen şygryýeti dogrusynda buýsançly çykyşlara orun berilýär. Aýdym-sazlaryň, joşgunly tanslaryň üsti bilen milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň waspy belentden ýetirilýär.
Daşoguz welaýat häkimliginiň, Medeniýet müdirliginiň guramagynda Daşoguz şäherindäki «Görogly» meýdançasynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri, teatr artistleri gatnaşdylar. Açyk asmanyň astynda döwre gurap oturan halk köpçüliginiň öňünde welaýatyň döredijilik toparlary, ussat aýdymçy-sazandalary, artistleri çykyş etdiler. Dabaranyň dowamynda zähmetde tapawutlanan medeniýet işgärlerine TKA-nyň welaýat birleşmesiniň taýýarlan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Bagtyýar döwürde döwlet tarapyndan işlemek, döretmek üçin ähli şertleriňdir mümkinçilikleriň döredilýändigi, bu günki gün gazanylýan üstünlikleriň, rowaç gadamlaryň waspynyň täze aýdymlarda, sazlarda, sahna eserlerinde, şygyrlarda giňden beýan edilýändigi nygtaldy.