Goşa toýuň şanyna
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Goşa toýuň şanyna

Jemgyýet
12.06.2024  473

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň  Altyn ýol geňeşligindäki Dilewar oba medeniýet öýünde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli medeni çäre geçirildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hem-de Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen çärä talyp ýaşlar, mugallymlar gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler ynsan kalbynyň ruhy joşgunyna deňelýän milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň häzirki ajaýyp döwrümizde belent sepgitlere eýe bolýandygy hem-de Gündogaryň görnükli söz ussady Magtymguly atamyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan many-mazmunly goşgularynyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem dana şahyrymyzyň şygyrlarynyň ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygy babatda buýsanç bilen belläp geçdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Döwürden galkynýan obalar
31.03.2026   103
Jemgyýet Änew — ekerançylygyň mekany
18.09.2024   479
Jemgyýet Parahatçylygyň, dost-doganlygyň forumy
04.08.2025   214
Jemgyýet Şanly ýylyň ruhy joşguny
13.08.2025   230
Jemgyýet Biziň döwürdeşimiz
04.01.2025   419
Jemgyýet Kanunlar döwrebap kämilleşdirilýär
11.07.2025   241
Jemgyýet Dalaşgär — 2026
14.07.2026   156
image