Goşa mukaddesligiň şanyna
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Goşa mukaddesligiň şanyna

Jemgyýet
16.05.2025  313

Goşa mukaddesligiň şanly toýuna bagyşlanyp, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher häkimliginiň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň, Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda häkimligiň mejlisler zalynda aýdym-sazly dabara geçirildi. «Parahatlyk nyşany parla ýaşyl Baýdagym!» atly şygar bilen geçirilen dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalarynyň, seneleriniň, baýramçylyklarynyň üstini ýetirýän goşa mukaddesligiň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň toýy ýurdumyzyň binýadynyň berkliginiň, merdana halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, demokratik, hukuk, dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän gymmatlygyň dabaralanmasydyr. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň ähli tutumly işleriniň özeninde adam hakdaky alada öz beýanyny tapýar. Bu ýörelge Konstitusiýamyzda hem berkidilmek bilen, bu günki gün döwletimizde emele gelýän ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuşyň, öňegidişlikleriň buýsanjy ýaşyl Tugumyzyň pasyrdysynda ýakymly owaz bolup, tutuş barlyga ýaýraýar. Mazmuny boýunça döwletiň hem halkyň ykbalynyň gowulyklarynyň nyşany bolan goşa mukaddesligiň raýatlarymyzyň her biriniň buýsanjyna öwrülendigi ykrar edilen hakykatdyr. Ol bolsa her bir zähmet adamynyň maksatlarynyň myrada ýetmegine, şeýlelikde, döwletimiziň kuwwatynyň artmagyna ylham hem itergi berýän güýçdir. Şular dogrusynda çykyşlarda uly buýsanç bilen gürrüň edildi.

Dabaranyň dowamy şäher medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan çykyşlaryna utgaşdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Okuw maslahaty geçirilýär
19.07.2024   489
Jemgyýet Arşyň ganaty — döwrüň şöhraty
27.04.2026   109
Jemgyýet Jebisligiň aýdyň ýoly
07.09.2024   436
Jemgyýet Saglyk ulgamynyň ösüşli menzilleri
10.01.2025   402
Jemgyýet Köne güzer
11.02.2025   502
Jemgyýet Geljegiň ygtybarly binýady
28.05.2024   505
Jemgyýet Kitap — kämilligiň gözbaşy
04.04.2024   806
Jemgyýet Şanly ýyla bagyşlandy
28.06.2025   307
image