Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan guralan döredijilik çäresi belent ruhy öwüşginlere beslendi. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän Magtymguly meýdançasynda, beýik Pyragynyň heýkeliniň öňünde geçirilen baýramçylyk dabarasyna redaksiýanyň döredijilik işgärleri, žurnalistler gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetini we sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge döwlet derejesinde berilýän ünsi aýratyn nygtadylar. Edebiýatymyzyň kämil nusgasy, dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyran Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde, şeýle hem welaýatyň medeni durmuşyny giňden açyp görkezmekde «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň alyp barýan işleri barada täsirli gürrüň edildi. Redaksiýanyň işgärleri gazetiň sahypalarynda welaýatyň baý medeni mirasyny, halk döredijiligini, aýdym-saz sungatyny we taryhy ýadygärliklerini giňden beýan etmek boýunça alnyp barylýan işleri, täze döredijilik gözlegleri barada durup geçdiler.
Dabaranyň iň täsirli pursatlarynyň biri hem Magtymguly Pyragynyň pelsepewi garaýyşlaryna, watançylyk we ynsanperwer ýörelgelerine bagyşlanan täze goşgularyň okalmagy boldy. Bu döredijilik çäresi metbugat işgärleriniň agzybirligini, medeni mirasa bolan belent sarpasyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.