Görkana gülleriň aşygy
weather dashoguz 12° C Daşoguz

Görkana gülleriň aşygy

Ykdysadyýet
14.03.2025  65

Parahatçylygyň, ynanyşmagyň mekany bolan  eziz Diýarymyza ajaýyp bahar geldi. Bahar diýlende, ilki bilen, baglar, güller, şadyýan guşjagazlaryň hoş owazly nagmalary ýadyňa düýär. Al-elwan öwsüp oturan tebigata jan girmegi bilen, zemin lälezarlyga, durmuş bagtyýarlyga beslenýär. Şeýle ýakymly günleriň ýaraşygy bolan güller hakynda söhbet etmek göwnüňe ýaz ýakymyny bagyşlaýar.

Güller hakynda söhbet edilende Daşoguz welaýatynda gülçüligi kesp-kär edinen ynsanlaryň kändigini bellemek buýsançlydyr. Welaýatyň Şabat etrabynyň Nowbahar geňeşliginiň Gülzar obasynda ýaşaýan Bibijan Ernazarowa indi 50 ýyla golaý wagt bäri gülçülik işini alyp barýan telekeçileriň biri. Asyl käriniň şepagat uýasydygyna garamazdan, Bibijan daýzanyň näzik hünäriň ezberlik bilen hötdesinden gelýändigini bellemek gerek. Bibijan Ernazarowa 1977-nji ýylda gülçülik bilen meşgullanyp başlaýar. Ussat gülçiniň bellemegine görä, güller ynsan ömrüniň bezegi. Bu babatda uly tejribe toplan Bibijan Ernazarowanyň mellek ýerinde 3 sany ýyladyşhana hereket edýär. Olarda ýaş güller, uly güller we nahallar ýerleşdirilýär. Bibijan daýzanyň gürrüň berşi ýaly, olary aýratynlykda ösdürip ýetişdirmek möhümdir.

Halypa gülçiniň ýakyn ýardamçylary onuň agzybir maşgalasy. Ýedi perzendi dünýä inderen mährem enäniň güllere bolan höwesini göreniňde, onuň keşbinde zähmete bolan söýgini görmek bolýar. Ussat gülçiniň güllerine «Jennet ysly güllerim!» diýip ýüzlenýändigini onuň gelni Dildara Işçanowa gürrüň berýär. Güllere ideg etmek köp zähmeti talap edýär.

   Häzirki wagtda ýyladyşhanalarda gülleriň 400-e golaý görnüşi ýetişdirilýär. Ilat arasynda şeflere, fikus ýaly güllere isleg kän. Güller mart aýynyň 15 — 20-si aralygynda açyk meýdana çykarylýar. Sentýabr aýynyň 15-ine bolsa ýene-de ýyladyşhana şertlerine geçirilýär. Çünki güller ýylylygy halaýar. Şu ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň işgärleri tarapyndan telekeçi Bibijan Ernazarowanyň «armasynyň» ýetirilip durulýandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda telekeçi zenana bu partiýanyň ýadygärlik sowgadynyň gowşurylmagy has-da täsirli boldy. Bibijan Ernazarowa telekeçileri yzygiderli goldaýan, olara giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ýazdaky hereket — güýzdäki bereket
28.03.2024   115
Ykdysadyýet Harman barha beýgelýär
22.05.2024   108
Ykdysadyýet Şaly hasyly ýygnalýar
16.10.2024   82
Ykdysadyýet Yhlas — üstünligiň açary
18.10.2024   71
Ykdysadyýet Bugdaýyň idegi ýetirilýär
15.01.2025   54
Ykdysadyýet Gök ekinleriň idegi ýetirilýär
05.06.2024   119
Ykdysadyýet Bereketli ekiniň idegi ýetirilýär
02.07.2024   106
image