Görelde mekdebi
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Görelde mekdebi

Jemgyýet
10.12.2025  108

Maşgala — jemgyýetiň esasy sütünidir. Halkymyza mahsus bolan pespällik, rehimdarlyk, akyl-parasatlylyk, päk ýüreklilik häsiýetleri nesilden-nesle geçip durmuşymyzda aýratyn orun tutýar. Ata-babalarymyz terbiýe bermegiň täsin usullaryny döredipdirler. Bu bolsa ynsanyň dowamaty bolan ýaş nesilleriň terbiýesinde uly ähmiýete eýedir.

Türkmen halky çaga dünýä inen gününden başlap onuň terbiýesini iň ilkinji orunda goýýar. Çagasynyň bagtyny diläp, ony dogry ýola ugrukdyrýar. Her bir maşgalada dünýä inen çaga şol maşgalanyň edep-kadasy, görüm-göreldesi bilen ulalýar. Hut şol jähtden hem maşgalada ene-atanyň göreldesi çagalara uly täsirini ýetirýär. Beýik lukman Abu Ali ibn Sina öz ýazgylarynyň birinde çaganyň entek ene göwresinde wagty saz çalynsa, mylakatly söhbet edilse, hüwdi aýdylsa rahatlyk tapýandygyny nygtaýar. Çaga üçin ene-atanyň söýgüsinden eziz zat ýok. Olaryň alkyşy ömrümizi bagtly edýär, durmuşymyza gözellik çaýýar.

Türkmen maşgalasyna köp çagalylyk mahsusdyr. «Terbiýäniň ýagşysy göreldedir» diýýän halkymyz köp çagalylyga we onuň edep-terbiýesine uly üns berýär. Danalar hem «Ýurduň taryhyny biljek bolsaň, mirashanasyna bar, geljegini biljek bolsaň — mekdebine» diýipdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdepde ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilendir. Çagalarymyz ösen tehnologiýaly enjamlardan oňat baş çykarýarlar, bilimlerini artdyrýarlar, ylymlar dünýäsine aralaşýarlar. Şonuň üçin hem mugallymçylyk käri jogapkärlidir we iň mukaddes kärdir.

Ata-ene mydama çaganyň baş terbiýeçisidir we mugallymydyr. Gözbaşy dury bolan çeşmäniň suwy hemişe-de arassa bolýar. Çagalaryň terbiýesine ünsli çemeleşmek, munuň özi olaryň röwşen geljeginiň hamyrmaýasydyr.

Çeper söz sungatynyň uçursyz ussady, akyl-parasat ummanynyň egsilmez akabasy bolan Milli Lidermiziň kitaplary mugallymlaryň ygtybarly gollanmasy «Iň gymmatly miras — terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip juda danalyk bilen tekrarlaýan Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek biziň her birimiz üçin mukaddes borç, jogapkärli wezipe bolup durýar. Bu borja hötde gelip ýurduň, halkyň, ylaýta-da ýaş nesliň ýagty geljegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlary rowaçlyk tapsyn!

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Milliligiň döwrebap nusgasy
04.07.2025   262
Jemgyýet At-owazy giň jahana ýaýramyş
08.02.2025   299
Jemgyýet Halypa-şägirtlik ýoly
12.01.2026   80
Jemgyýet Milli buýsanjymyza hormat
22.10.2024   286
Jemgyýet Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
20.04.2024   528
Jemgyýet Milli sportuň dabaralanmasy
08.11.2024   347
image