Göni ýaýlymdaky täsirli teswirler
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Göni ýaýlymdaky täsirli teswirler

Sport
16.04.2024  14

Şu günler paýtagtymyzda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryş dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Bagtyýar ildeşlerimiz bolsa bu ýaryşyň gyzykly duşuşyklaryna milli teleýaýlymlarymyzyň ikisi arkaly üç dildäki teswirleme bilen tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar.

«Türkmenistan: Sport» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda alnyp görkezilýän duşuşyklary üç dilde teswirlemäge tejribeli teswirleýjiler bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary hem gatnaşýarlar.

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynyň teswirleýjisi Parahat Mämmetnurowyň gürrüň berşi ýaly, duşuşyklary türkmen dilinde teswirlemäge bu teleýaýlymyň hünärmenleriniň dördüsi gatnaşýar. Olar ýaryşyň guramaçylyk topary tarapyndan maglumatlar bilen doly üpjün edilýär.

Duşuşyklary iňlis we rus dillerinde teswirlemäge bolsa ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň 16-sy gatnaşýar. Olaryň deň ýarysy «Türkmenistan: Sport», galany bolsa «Ýaşlyk» teleýaýlymynda duşuşyklara teswir berýär.

Ýeri gelende aýtsak, halkara ýaryşyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezmäge, gepleşikleri taýýarlamaga Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işgärleriniň 100-e golaýy gatnaşýar. Şol sanda «Mir 24», «TRT Avaz», «CCTV» ýaly teleýaýlymlarynyň wekilleri hem uly we gysga göwrümli gepleşiklerdir söhbetdeşlikleri taýýarlap, agzalan teleýaýlymlarda halkara ýaryşy beýan etmäge goşant goşýarlar.

Meňzeş habarlar

image