Gök önümleriň bolçulygy ugrunda
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Gök önümleriň bolçulygy ugrunda

Ykdysadyýet
28.07.2025  176

Gök hem-de bakja önümleriniň bazar bolçulygyny döredip, halkymyzyň olara bolan islegleriniň doly kanagatlandyrylmagyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylarynyň öňünde goýýan esasy wezipesi bolup durýar. Onuň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmak ugrunda Daşoguz  welaýatynyň çäklerinde-de giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde, bu önümleriň bol hasyly kemala getirilip, ildeşlerimiziň mukaddes saçaklarynyň berekedi artdyrylýar.

Bu babatda welaýatyň Şabat etrabynyň gök ekerançylarynyň, bakjaçy daýhanlarynyň uly işleri bitirýändigi hemmelere mälimdir. Çünki olar ýylyň-ýylyna öz kärende meýdanlarynda gök önümleriň, gawun-garpyzlaryň dürli görnüşlerini ýetişdirip hem-de öz wagtynda ýygnap, belent harmanlary döretmek bilen, ýokary netijeleri gazanyp gelýärler.

Etrabyň gök ekerançylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bu ugurda derwaýys çäreleri amala aşyrýarlar. Has takygy, olar şu ýylyň baharynda 1 müň gektardan gowrak meýdana gök hem-de bakja ekinlerini ekip, kadaly gögeriş almak bilen, bereketli hasylyň kemala getirilmegine gönükdirilen ideg işlerini utgaşykly dowam etdirdiler. Şeýlelikde, häzirki wagtda etrapda pomidoryň, soganyň, hyýardyr kelemiň, irki gawun-garpyzyň birkemsiz ýetişen hasylyny ýygnap hyrydarlara ýetirmek işi guramaçylykly alnyp barylýar.

Gök hem-de bakja önümleriniň ýokary hasylyny kemala getirmekde etrabyň «Nowruz» daýhan birleşiginiň ekerançylarynyň hem ýadawsyz zähmet çekip, guwandyryjy netijeleri gazanýandyklaryny aýtmak zerur bolup durýar. Sebäbi olar özleriniň bu babatda bar bolan köpýyllyk tejribelerine daýanmak bilen, bellenilen çäreleri öz wagtynda berjaý edip, uly üstünliklere eýe bolýarlar.

Daýhan birleşiginde jemi 60-dan gowrak gök ekerançy hem-de bakjaçy kärendeçiler zähmet çekýär. Häzirki wagtda olaryň gözegçiligindäki 60 gektar sogan, 10 gektar pomidor, 20 gektar bakja ekin meýdanlarynda oňat hasyl kemala geldi we bu önümler ýygnalyp, bellenilen ýerlere ýetirilýär.

Görnüşi ýaly, daýhan birleşiginiň gök ekerançylarynyň, bakjaçylarynyň her biri öz kärende meýdanyndan bol önüm öndürip, ile-güne ýetirmegiň aladasynda gaýratly zähmet çekýär. Bu bolsa şeýle zerur önümleriň bolçulygyny artdyrmakda uly haýyr getirýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär
18.10.2025   119
Ykdysadyýet Möwsüme ykjam taýýarlyk
11.04.2026   42
Ykdysadyýet «Ak altynly» pellerdäki joşgunly zähmet
18.09.2024   242
Ykdysadyýet Belent sepgitleriň gözbaşy
12.03.2025   223
Ykdysadyýet Halal gazanjyň höziri
28.11.2024   230
Ykdysadyýet Möhüm möwsüme taýýarlyk
05.02.2026   83
Ykdysadyýet Baglar —zeminiň bezegi
12.02.2025   246
Ykdysadyýet Süýtli külçe
10.06.2025   174
image