Gök ekinleriň idegi ýetirilýär
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Gök ekinleriň idegi ýetirilýär

Ykdysadyýet
05.06.2024  376

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň N.Andalyp adyndaky geňeşliginiň çäginde hereket edýän «Zemin açary» hususy kärhanasy gök-bakja ekinlerini ýetişdirmekde ýokary netijeleri gazanýar. Onuň ýolbaşçysy Bibijan Hallyýewa 1048 gektar ýeri 99 ýyl möhleti bilen kärendesine alyp, gök-bakja ekinlerini ekýär.

Bu ýerde daýhançylyk tejribesine esaslanmak bilen, bir ýylda iki, üç hasyl almagyň hötdesinden gelýärler. Irki ýeralmanyň yzyndan ekilýän giçki käşir, gawun we beýleki ekinler gowy ösüp ýetişýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda başarjaň daýhan 626 gektar ýeralma, 10 gektar bakja, 101 gektar sogana, 10 gektar hyýara, 41 gektar pomidora, 12 gektar ýazlyk käşire, 1 gektar keleme ideg edýär.

Geçen ýyly gowy netijeler bilen jemlän daýhan şu ýyl öňki netijäni has hem ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Şu günlerde ekinleriň ideginiň depgini onuň guwandyryjy sepgitlere ýetjekdiginden habar berýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly
01.07.2025   246
Ykdysadyýet Bugdaý ekişiniň depgini ýokary
22.10.2025   156
Ykdysadyýet Bugdaýa ideg edilýär
07.05.2024   327
Ykdysadyýet Belent harman ugrunda
04.11.2024   271
Ykdysadyýet Daýhan yhlasynyň ajaýyp netijeleri
28.07.2025   201
Ykdysadyýet Bag hakda, bagban hakda
14.11.2025   166
Ykdysadyýet Hil — esasy görkeziji
22.10.2024   259
Ykdysadyýet Sürüm işleriniň depgini ýokary
15.07.2026   18
image