Tebigatyň görke gelýän, gülleriň müşke dolýan ajaýyp pursatlary nurana baharyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Baky sowulmaz ýazly, bedew batly ösüş-özgertmeli Garaşsyz Diýarymyza nowjuwan bahar geldi. Nurana paslyň gelmegi bilen, Milli bahar baýramynyň ― Halkara Nowruz gününiň dabaralary ata Watanymyzyň, şol sanda Daşoguz welaýatynyň hem çar künjegini gurşap aldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynda toýlanylýan Halkara Nowruz gününiň köpöwüşginli dabaralary welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň baýramçylyk meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerdäki toý görnüşi kalplarda bahar duýgusyny has-da artdyrdy. Ýazlaryň ýaraşygy ýaşyl meýdanlar baýramçylyk dabaralaryna özboluşly bezeg berýär.
Bilşimiz ýaly, 2010-njy ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bu baýram halkara derejesinde giňden bellenilýär. Täzelenişi, galkynyşy alamatlandyrýan Nowruz baýramy halkymyzyň baý geçmiş taryhyndan habar berýär. Bu baýramyň doganlyk döwletlerde hem dürli röwüşde bellenilýändigi barada taryhy çeşmelerde beýan edilýär. Berkarar Watanymyzda bu baýramçylyk dost-doganlygyň, agzybirligiň, jebisligiň hem-de parahatçylygyň baýramy hökmünde bellenilýär. Agzybirlikde bişirilýän semeni tagamy baýramçylygyň ajaýyp bezegidir.
Milli däplerimiziň gaýtalanmajak kämil ýörelgelerini açyp görkezýän Nowruz baýramynyň dabaralarynyň dowamynda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň gapdalyndaky toý meýdançasynda hiňňillikler bezelip, toý gazanlary ataryldy. Baýramçylyk ýörişi bilen görkana binalaryň hataryndan gelýän bagtyýar ildeşlerimiz toý şowhuny bilen «Nowruz ýaýlasynyň» bosagasyndan ätlediler. Behişdi bedewlere atlanan ýigitleriň baýramçylyk buşlugy, hormatly ýaşulularyň, mährem eneleriň ýaş nesiller bilen ýörişiň başyny çekip dabaraly gelşi has-da täsirli boldy. Folklor toparlarynyň halk döredijiliginden ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary, milli eşikli gelin-gyzlaryň hoş owazly nagmalary baharyň buşlukçylary deýin dabara özboluşly many çaýdy. Soňra bu ýerde dabara gatnaşyjylar milli tagamlarymyzyň taýýarlanylyşyny synladylar. Semeni tagamynyň taýýarlanylyşy köpleriň ünsüni özüne çekdi. Şeýle toý gazanlarynda pişme bişirilip, tagamly naharlaryň atarylýan pursatlary, bahar meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabaralar baýramçylygyň şowhunyny artdyrdy.
Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleriň görkezme çykyşlary, ýaşlaryň bezemen hiňňilliklerde uçýan pursatlary, bagtyýar çagalaryň milli oýunlarymyzy ýerine ýetirişleri has-da täsirli boldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň milli däp-dessurlarymyzy beýan edýän sahnalaşdyrylan çykyşlary, belentden ýaňlanýan aýdym-sazlar dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Soňra baýramçylyk dabarasy «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde gurnalan baýramçylyk sahnasynda dowam etdi. Onda çykyş edenler Halkara Nowruz gününiň taryhy ähmiýetini nygtadylar hem-de dabara gatnaşyjylary bu ajaýyp baýramçylyk bilen gutladylar. Baýramçylyk dabarasynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň edebi-sazly kompozisiýasy täsirli boldy. Soňra bagtyýar çagalaryň ajaýyp bahar paslyny wasp edýän joşgunly tanslaryna tomaşa edildi.