Giň ýaýladaky zähmet joşguny
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Giň ýaýladaky zähmet joşguny

Ykdysadyýet
11.10.2025  132

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagyny netijeli guramak, bu ugurda zähmet çekýän adamlar üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Özleri üçin edilýän aladalara ýadawsyz zähmet bilen jogap berip, dürli görnüşli önümleri, ýagny pagta, bugdaý öndürmekde guwandyryjy üstünlikleri gazanýan kärendeçi daýhanlar Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda hem az däl. Olaryň arasynda «Bedirkent» daýhan birleşiginiň başarjaň gallaçylarynyň, pagtaçylarynyň hem bardygyny bellemek bolar.

Bu daýhan birleşiginde 1555 gektar bugdaý, 1000 gektar gowaça, 50 gektar bag meýdanlary bolup, olardan ýylyň-ýylyna oňat hasyl alynýar. Munuň şeýle bolmagyna hojalygyň pagtaçy kärendeçileriniň 93-si, gallaçy kärendeçileriniň 86-sy saldamly goşant goşýarlar. Birleşikde jemi 7 sany kärendeçiler topary hereket edip, olar meýdan işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynda möhüm orny eýeleýärler.

Häzirki gyzgalaňly günlerde daýhan birleşiginde has öňünden taýýarlyk görlüp, bellenen möhletlerde agzybirlik bilen girişilen güýzlük bugdaý ekişi hem-de pagta ýygymy ýokary depginlerde dowam etdirilýär. Bu işleriň öndürijiliginiň ýokary bolmagyna kärendeçi daýhanlar, olaryň ýygymçy kömekçileri, şonuň ýaly-da ezber mehanizatorlaryň  ençemesi uly goşant goşýarlar. Daýhan birleşiginde pagta ýygymynyň, bugdaý ekişiniň şeýle guramaçylykly amala aşyrylmagynda Baýrammyrat Gaýypalyýew, Azatgeldi Arazgylyjow, Saparmyrat Gylyjow, Otuzbaý Hojaýew ýaly hünärmenleriň hem mynasyp paýlary bar. Çünki olar her bir çäräniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek bilen, bu babatda ýokary netijeleriň gazanylmagyna degerli ýardam berýärler. Şeýle arkalaşykly, agzybirlikli hereketler bolsa guwandyryjy netijeleri getirýär.

Şu ýerde daýhan birleşiginde kärendeçi bagbanlaryň göreldeli zähmetleri hakynda-da durup geçmek zerurdyr. Çünki bu meýdanlarda bag ýetişdirip, ondan bereketli miwe önümlerini öndürmek ýeňil bolmaýar. Emma hojalygyň bagbanlarynyň ençemesiniň yhlasy, ukyp-başarnygy bilen munuň hötdesinden gelinýär. Şeýle ökde bagbanlaryň hatarynda Baýmyrat Ataýew, Aýtbaý Çaryýew dagynyň atlaryny tutmak ýerlikli bolar. Sebäbi olaryň kemala getiren miweli baglarynyň, üzüm agaçlarynyň uzyn hatarlary töwerege görk berip, datly nygmatlaryny eçilýär.

Elbetde, gadymy Was ýaýlasynyň gujagynda ýerleşýän bu daýhan birleşiginiň zähmetsöýer adamlarynyň iş-aladalary barada aýdara zat köp. Çünki olar ata Watanymyzyň oba hojalyk pudagynyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak maksady bilen, şeýle janypkeşlik, yhlaslylyk görkezýärler. Bu bolsa olara uly üstünlikleri getirýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Bol hasyl ugrunda
31.03.2025   261
Ykdysadyýet Suw bolçulygy ugrunda
04.12.2025   136
Ykdysadyýet Ak ýollar — rowan ýollar
06.02.2025   219
Ykdysadyýet Bugdaýyň idegi ýetirilýär
21.04.2026   40
Ykdysadyýet Sanly ykdysadyýetde gazanylýan ösüşler
23.01.2023   258
Ykdysadyýet Aşgabat şäheriniň gününe
20.05.2025   189
image