Özleri babatda döredilýän şertlerden, berilýän goldawlardan ýerlikli peýdalanýan Daşoguz welaýatynyň gallaçylary geçen ýylyň güýzünde 145 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini amala aşyryp, onuň kadaly gögerişini gazanmak bilen, şondan bäri geçen döwrüň dowamynda ekin meýdanlarynda ýadawsyz iş alyp bardylar. Olaryň uzak wagtlap çeken zähmeti özüniň guwandyryjy netijelerini hem berdi. Munuň şeýledigini şu günlerde bugdaý meýdanlaryndaky bereketli hasyldan, ony ýitgisiz ýygnap almak ugrundaky işlere ähli gujur-gaýratyny gönükdirýän gallaçy daýhanlaryň, kombaýnçylaryň orak möwsüminiň ilkinji günlerinde gazanýan üstünliklerinden hem görmek bolýar.
Belli bolşy ýaly, welaýatyň gallaçylary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bugdaý oragy möwsümine dabaraly ýagdaýda, agzybirlik bilen girişip, häzirki günlerde bu işi guramaçylykly dowam etdirýärler. Şonda turuwbaşdan onuň ýokary depginlere göterilendigini-de bellemek gerek. Muny giň atyz-meýdanlarda bugdaý orýan kombaýnlaryň sazlaşykly hereketleri, üsti bugdaý ýükli ulaglaryň galla kabul ediş bölümlerine barýan kerwenleri hem tassyklaýar.
--Şu ýyl welaýatda galla oragy möwsümine girişilmegine bagyşlanylan toý dabarasynyň kärende meýdanymda guralmagy meni örän guwandyrdy — diýip, Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçisi Babamyrat Täşliýew gürrüň berdi: — Meniň maşgalama degişli kärende ýerim 14 gektardan ybarat. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem bol hasyly kemala getirmek ugrunda ähli maşgala agzalarymyz bolup, agzybirlik bilen zähmet çekdik. Azabymyz ýerine düşüp, bugdaý oragyna badalga berlen güni meýilnamalaýyn borçnamamyzy artygy bilen ýerine ýetirdik.
Elbetde, şu ýyl öz gözegçilik edýän meýdanlarynda şeýle bereketli hasyly ýetişdirmegiň hötdesinden gelen gallaçy daýhanlar welaýatymyzyň beýleki künjeklerinde hem az däl. Olaryň biri, ussat gallaçy hökmünde diňe bir welaýatymyzda däl, eýsem, ýurdumyzda-da tanalýan, Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginde hereket edýän saýlantgy tohumçylyk hojalygynyň ýolbaşçysy Aşyrmuhammet Söýünowyň aýtmagyna görä, şu ýyl bu tohumçylyk hojalygynda 100 gektar meýdanda bugdaýyň berketli hasyly kemala getirilipdir. Ýakyn günlerde öz ýerlerinde bugdaý oragyna girişmegi göz öňünde tutýan tejribeli gallaçynyň her gektardan 90 — 100 sentner bugdaý hasylyny ýygnajakdyklaryna berk ynamy bar. Hakyky daýhanlaryň sözüniň işden aýra gitmeýändigini köpler bilýändir.
Hawa, häzirki günlerde, belläp geçişimiz ýaly, welaýatyň ähli künjeklerinde, ýagny oba aralarynda-da, Was, Atgyrlan, Aýböwür düzlüklerinde-de bugdaý oragy günsaýyn ýokary depginlere eýe bolýar. Şonda gallaçy daýhanlaryň hakyky daýanjyna öwrülen kuwwatly kombaýnlaryň ýüzlerçesi bökdençsiz hereket edip, giň meýdanlardaky bitgin bugdaý düýplerini orup, tonna-tonna sarymaňyz, dok däneleri harmana goşýarlar. Olara erk edýän kombaýnçylaryň, taýýarlanan bugdaýy kabul ediş bölümlerine daşaýan sürüjileriň sözüň hakyky manysyndaky ýadawsyz zähmetleri bolsa her bir adamy guwandyrýar.
Şu möwsümde welaýatyň gallaçylarynyň, kombaýnçylaryň öňünde 145 müň gektar meýdanda bugdaý oragyny geçirip, ondan 265 müň tonna guşgursak dänäni Watan harmanyna goşmak wezipesi durýar.