Geňeşli iliň döwletli ýoly
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Geňeşli iliň döwletli ýoly

Jemgyýet
08.08.2024  312

Ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleri wagyz etmek we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän taryhy çözgütleriň möhüm ähmiýetini düşündirmek maksady bilen, welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda «Halk Maslahaty — döwletli ýörelgelere badalga» atly maslahat geçirildi. Oňa welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler berkarar döwletimizde demokratik däpleri ösdürmekde, milli we döwletlilik ýörelgeleri pugtalandyrmakda Halk Maslahatynyň örän uly orun eýeleýändigi dogrusynda belläp geçdiler. Möhüm ähmiýeti bolan bu syýasy-jemgyýetçilik foruma welaýatda ýokary derejede taýýarlyk görülýändigi, Halk Maslahatynyň döredilmeginiň taryhy ähmiýetini ilat arasynda wagyz etmekde jemgyýetçilik guramalaryň giň gerimli işleri durmuşa geçirýändikleri barada aýdyldy. Halkymyzyň maslahat etmek däbiniň täze taryhy eýýamda rowaçlanýandygy uly buýsanç bilen bellenip geçildi.

***

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň kiçi mejlisler jaýynda Daşoguz welaýat prokuraturasynyň, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň hem-de TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda «Halk Maslahaty — geňeşli iliň döwletli ýoly» atly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler ata-babalarymyzyň döwletli ýolunyň täze taryhy eýýamda has-da rowaçlanýandygyny buýsanç bilen belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti hakynda durup geçdiler. Şöhratly pederlerimiziň geňeş etmek, halka sala salmak ýaly asylly ýörelgeleriniň dabaralanýan ajaýyp döwründe alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler ildeşlerimiziň kalbynda çäksiz hoşallygy döredýär. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirjek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde il-ýurt bähbitli wajyp çözgütler kabul ediler. Bu bolsa ata Watanymyzyň okgunly ösüşini üpjün etmekde möhüm tapgyra öwrüler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Okuw maslahaty geçirildi
30.12.2025   81
Jemgyýet Nurana ýoluň çeper beýany
17.12.2025   85
Jemgyýet Şanly ýylyň şanyna
26.02.2026   29
Jemgyýet Milli miras
19.06.2025   183
Jemgyýet Mizemez ýörelgä ygrarlylyk
15.02.2025   252
Jemgyýet Süýjüli diabet we onuň öňüni almak
17.06.2025   265
Jemgyýet Zamana buýsanjyň beýany
07.02.2025   259
Jemgyýet Döwletli tutumlar wagyz edildi
23.10.2025   96
image