Geňeşli iliň döwletli tutumy
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Geňeşli iliň döwletli tutumy

Jemgyýet
19.08.2024  409

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak hem-de Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksadynda «Halk Maslahaty — geňeşli iliň döwletli ýoly» atly şygar bilen geçirilen söhbetdeşlige Daşoguz welaýat Adalat bölüminiň hem-de TMÝG-niň Daşoguz welaýat, etrap, şäher geňeşleriniň işgärleri, işjeň agzalary gatnaşdylar.

Çykyş edenler döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, hususan-da, buýsançly şygara beslenen taryhy ýylymyzda bolup geçýän wakalar barada uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Bir-biriniň üstüni ýetirýän şol wakalaryň hatarynda baş baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny giňden dabaralandyrmaga hem-de Halk Maslahatynyň taryhy mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülýändigi barada aýtdylar. Döwletimiziň ösüşini has-da artdyrmaga, halkyň ýaşaýyş-durmuşyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmaga gönükdirilen belent wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň hem-de bu babatda degişli çözgütleriň kabul edilmeginiň Halk Maslahatynyň ähmiýetini artdyrýandygy bilen, halkymyzda uly buýsanjy döredýändigi barada nygtaldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Halypa tüýdükçi bilen duşuşyk
26.02.2025   375
Jemgyýet Watan gahrymanlaryna buýsanç
10.05.2024   479
Jemgyýet Pyragynyň zybanynda tebigatyň waspy
30.10.2024   461
Jemgyýet Buýsançly günleriň joşguny
17.01.2026   186
Jemgyýet Sürüjileriň hünär bäsleşigi
25.11.2025   212
Jemgyýet Täze ýylyň toý döwresi
31.12.2025   197
image