Geň galdyrýan ösümlikler
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Geň galdyrýan ösümlikler

Ykdysadyýet
17.11.2025  126

Şöhleli kömelek

Dünýäde azyk hökmünde peýdalanyp bolýan ýa-da bolmaýan kömelekleriň ýüzlerçe görnüşi bar. Olaryň ençemesi ýurdumyzyň tebigatynda hem giňden gabat gelýär. Bahar paslynda kömelek gözläp, atyz-çillerde aýlanyp ýören adamlar üçin ony tapmagyň uly lezzetiniň bardygy hem mälimdir.

Emma bu gürrüňi edilýän kömelegi beýdip gözläp oturmagyň geregi ýok. Çünki ol töwerek-daşa şöhle saçyp, öz-özünden göze görnüp dur diýýärler. Aýtmaklaryna görä, olar käbir gözedürtme garaňky tokaýlarda haýwanlara, beýleki jandarlara ýol görkeziji çyra bolup hem hyzmat edýän ekenler.

Ylmy dilde «Bioluminesent kömelegi» diýlip atlandyrylýan bu kömelekler ýagtylyk çykarmaga ukyply bolup, häzirki wagtda Ýer ýüzünde onuň 100-e golaý görnüşiniň duşýandygy aýdylýar. Bu kömelekleri öwrenmek XIX asyryň ahyrlarynda başlanypdyr we bu häzirki wagtda hem dowam edýär.

***

Ýol görkezýän agaç

Afrika yklymyndan günorta-gündogarda, ondan, takmynan, 400 kilometr daşlykda ýerleşýän Madagaskar tebigaty täsinliklere örän baý ada bolup, onuň bilen adybir ýurt syýahatçylaryň köp sanlysynyň ünsüni çekip gelýär. Çünki bu ýerde dünýäniň başga künjeklerinde gabat gelmeýän janly-jandarlar, ösümlikler örän köp duşýar.

Bu adada ösýän täsin ösümlikleriň arasynda syýahatçynyň palmasy diýen ady alan rawanela agajy giňden meşhurdyr. Ol özüniň daş görnüşi boýunça gadymy hanlaryň ýelpewajyna meňzeş bolup, gören adamy haýran galdyrýar. Rawanelanyň boýy 30 metre çenli ösýär. Onuň ýapraklary esasy, ýagny ortaky baldakdan iki tarapa gytaklaýyn ýerleşýär. Ýapraklaryň boýy 4 metre çenli bolýar. Bu agajyň has täsin tarapy onuň ýapraklarynyň ýarysynyň gündogara, ýarysynyň bolsa günbatara tarap ösýänligidir. Il arasynda birmahallar adamlar bu agajy ýol görkeziji, ýagny kompas höküminde ulanypdyrlar diýen gürrüň bar.

 

 

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ykdysadyýetiň ösüşine goşant
19.11.2024   228
Ykdysadyýet Ýokary hilli süýt önümleri
25.11.2024   372
Ykdysadyýet Gallaçylar bilen hasaplaşyklar geçirilýär
11.07.2025   223
Ykdysadyýet Bugdaý ekişi ýokary depginde
23.09.2024   241
Ykdysadyýet Halal gazanç — rysgal-döwlet
29.07.2024   281
Ykdysadyýet Bereketli hasyl ugrunda
29.01.2025   222
Ykdysadyýet Yhlasly zähmetiň netijesi
10.08.2024   267
Ykdysadyýet Ykdysady ösüşleriň aýdyň nyşany
11.03.2025   201
image