Geljek şu günden gurulýar
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Geljek şu günden gurulýar

Jemgyýet
01.07.2025  286

Täze taryhy döwrümizde ýaşlar hakdaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämilleşmegine ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Gysga döwrüň içinde asyrlara barabar menzilleri aşan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän köpugurly maksatnamalarda döwletiň geljeginiň şu günden gurulýandygy aýdyň şöhlelenýär.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hereket etmegi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlaryň döwlet tarapyndan goldanylýandygyny we olaryň hukuklarynyň kanunçylyk binýadynyň berkidilýändigini doly açyp görkezýär. Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň esasynda ýaşlar bilen bagly zerur işleriň uly toplumy durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýaşlaryň döwür bilen gatnaşygyny pugtalandyrmakda birleşdiriji köpri bolup hereket edýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň orny örän uludyr. TMÝG-niň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilýän bäsleşikler ösüp barýan ýaşlaryň taýýarlygyny, ukyp-başarnygyny, zehin aýratynlygyny giňden açyp görkezmekde, has kämilleri ýüze çykarmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Ýeri gelende, TMÝG-niň Daşoguz welaýat, etrap, şäher geňeşleri tarapyndan bu babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek örän möhümdir. Mysal üçin, umumybilim berýän orta mekdepleriň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşigiň şu ýylky döwlet tapgyrynda Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Aýnäzli Jepbarowa 1-nji orna, orta mekdepleriň 3 — 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan edilen «Merdana nesil» atly şadyýan bäsleşigiň döwlet tapgyrynda Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Söýün Nazarmedow ikinji orna mynasyp boldular.

TMÝG-niň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň aýratyn zehinli çagalaryna berilýän «Gulbaba» adyndaky çagalar baýragyna welaýatymyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň 11-si, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyny wagyz etmekde nusgalyk görelde görkezýän, asylly zähmeti hem-de döredijiligi bilen ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýan ýaşlaryň 4-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldular.

Öz düzüminde 7 etrap, 1 şäher geňeşini, 904 sany ilkinji guramany we olary düzýän 223314 agzany birleşdirýän TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň ýurdumyzda bagtyýar geljegimiz bolan ýaşlar hakdaky aladalara jogap edip, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz işleriň uly toplumyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşjakdygyny uly ynam bilen aýdyp bolar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Baýramçylyk dabarasy geçirildi
01.01.2026   146
Jemgyýet Bedew atyň tarypyny sözlesem...
28.03.2026   59
Jemgyýet Beýik şahyryň sarpasy
11.06.2024   363
Jemgyýet Behişdi bedewleriň çeper waspy
03.03.2026   90
Jemgyýet Awazanyň sapaly goýnunda
12.11.2024   314
Jemgyýet Eli tagamly çeper gyzlar
22.03.2024   451
Jemgyýet Sagdynlygyň dabaralanmasy
10.10.2024   325
image