Geljek nesillere nusgalyk miras
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Geljek nesillere nusgalyk miras

Jemgyýet
03.01.2026  172

Golaýda TDP-niň Daşoguz welaýat, şäher komitetleriniň hem-de şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Şabat etrabyndaky «Altynýol» oba medeniýet öýünde geçirilen dabara syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly hem ýaş nesliň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň täze eseriniň merdana pederlerimizden miras galan özara ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik, dost-doganlyk, jebislik ýaly ýörelgeleriniň dünýä ýüzüne parahatçylygy wagyz edýän türkmen Bitaraplygynyň çuňňur mazmunynda jemlenýändigini açyp görkezýän gymmatly gollanmadygyny buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle hem çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň gymmatly eseriniň üsti bilen müdimilik buýsanjymyz bolan Bitaraplygymyzyň şöhratyny dünýä ýaýmak, gymmatyny açyp görkezmek, ony geljekki nesillere ýetirmek babatda parasatly syýasy filosofiýanyň döredijilik beýanydygyny buýsanç bilen bellediler. 

Dabaraly maslahatyň dowamy Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň ata Watanymyzy, bagtyýar şu günimizi wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Asylly maksatlara tarap
08.09.2026   21
Jemgyýet Bagtyýarlyk mesgeninde şüweleň
18.06.2026   117
Jemgyýet Geljegiň ygtybarly binýady
28.05.2024   505
Jemgyýet «Çöl gämisiniň» aýratynlyklary
07.08.2026   98
Jemgyýet Şanly ýylyň şanyna
22.02.2023   459
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
23.01.2025   358
image