Geljegiň ygtybarly binýady
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Geljegiň ygtybarly binýady

Jemgyýet
28.05.2024  130

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň çäklerinde tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça uly işler amala aşyrylýar, olar bilen baglanyşykly möhüm wakalar bolup geçýär. Şonuň netijesinde ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde daşky gurşawyň gözelliginiň artdyrylmagy, onuň aýrylmaz bölegi bolan ýeriň, suwuň arassalygy, ösümlik, haýwanat dünýäsiniň baýlaşdyrylmagy gazanylýar.

Ýurdumyzda tebigaty goramak, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek bilen baglanyşykly kanunçylyk has kämilleşdirildi. Muňa soňky ýyllarda «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Aýratyn goralýan ýerler hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi-de mysal bolup biler. Olaryň güýje girizilmegi bilen, bu ugurda alnyp barylýan çäreleriň geriminiň has-da giňeldilmegine derwaýys şertler döredildi.

Şeýle hem biziň ýurdumyz bu meseleler boýunça BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalaryň Konwensiýalaryna, şertnamalaryna goşulmak, olary tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny doly berjaý edýär. Şonda howanyň üýtgemegi, çölleşmä garşy göreşmek, Aral deňzini halas etmek, Hazar deňziniň biodürlüligini goramak we beýlekiler boýunça durmuşa geçirilýän işler esasy ileri tutulýan ugurlary kesgitleýär.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň ahyrynda BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasynyň tarapdarlarynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde guralan 28-nji maslahatynda ýurdumyzyň ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny we onuň şertlerini ýerine ýetirmäge taýýardygyny yglan etmegi Türkmenistanyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak ugrundaky işjeňliginiň aýdyň güwäsi boldy. Şonuň bilen birlikde-de, ol ýurdumyzyň Howanyň üýtgemegi hakyndaky Milli strategiýasynyň durmuşa ornaşdyrylýandygyny doly tassyklady.

Ýurdumyzda, ýokarda hem bellenilişi ýaly, toprak, suw meseleleriniň ygtybarly çözülmeginiň ekologiýanyň gowulandyrylmagynda esasy orunda durýandygyny göz öňünde tutmak bilen amala aşyrylýan çäreler hem uly ähmiýete eýe bolýar. Bu babatda Türkmenistanyň «Ýer hakyndaky», «Suw hakyndaky» Kanunlarynda anyk wezipeler kesgitlenilýär. Şonuň ýaly-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we beýleki resminamalarda hem ekologiýa, daşky gurşawy goramak bilen bagly durmuşa geçirilmeli çäreler barada aýratyn nygtalyp geçilýär.

Elbetde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasynyň esasynda, dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, her ýylyň iýun aýynyň başynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň ata Watanymyzda hem baýram hökmünde giňden bellenilmegi döwlet derejesinde bu ugra berilýän uly ünsüň, oňa jogapkärli çemeleşilýändiginiň nyşanydyr. Şoňa görä-de, ol halkymyzyň kalbynda hemişelik orun alan ajaýyp wakalaryň birine öwrülýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Zähmet gatnaşyklarynyň hukuk esaslary
30.07.2024   114
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlanylan sergi
26.10.2024   92
Jemgyýet Gadymy senediň galkynyşy
27.03.2024   134
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
25.11.2024   86
Jemgyýet Täsirli geçen maslahat
16.02.2023   122
Jemgyýet Magtymguly — halkyň beýik danasy
22.07.2024   115
Jemgyýet Täze awtobuslar — ajaýyp toý sowgady
06.06.2024   198
image