Geljegi uly ýaş türgen
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Geljegi uly ýaş türgen

Sport
09.08.2025  260

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň kämil bilim, terbiýe almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy we tälimçilerimiziň döwrebap türgenleşik işlerini geçmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Türkmen türgenleriniň gazanýan ajaýyp üstünlikleri Watanymyzyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň has-da artmagyny şertlendirýär. Şeýle üstünlikleriň hatarynda agyr atletikaçy türgenlerimiziň gazanýan ýeňişleriniň hem bardygy buýsandyrýar.

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň agyr atletika sport mekdebiniň geljekde sportda uly üstünliklere eýe boljagyna umyt bildirilýän ýaş türgenleriniň biri Şahin Hudaýbergenow 9 ýaşyndan bäri sportuň agyr atletika görnüşi boýunça okuw-türgenleşik sapaklaryna gatnaşyp, häzirki wagtda halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip gelýär. Ol şu ýylyň iýun aýynyň 1-4-i aralygynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşda 60 kilogram agram derejesinde çempion diýen ada mynasyp boldy. Bu ýaş türgen mundan başga-da, agyr atletika boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryşlaryň ençemesinde I we II orunlara mynasyp boldy. Ol golaýda Özbegistan Respublikasynyň Çirçik şäherinde okuw türgenleşigini geçip, Gazagystan Respublikasynda geçirilen Aziýa çempionatynda çykyş etdi. Häzirki wagtda ol Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde türgenleşik geçýär. 

 

 

Meňzeş habarlar

Sport Ýaş türgeniň üstünligi
29.01.2023   391
Sport Maşgalalar bäsleşdiler
19.02.2025   348
Sport Sport
17.06.2025   298
Sport Şatlyga beslenýän günler
24.06.2024   431
Sport Yhlas — üstünligiň ýarany
26.05.2025   328
image