Geçmişiň şöhratly sahypasy:Yzmykşir galasy
weather dashoguz 5° C Daşoguz

Geçmişiň şöhratly sahypasy:Yzmykşir galasy

Jemgyýet
05.10.2026  84

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalary netijesinde, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi öwrenmek, gorap saklamak we dikeltmek hem-de geljekki nesillere ýetirmek boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň çäkleri gadymy siwilizasiýalaryň, medeniýetleriň ýadygärlikleriniň baý mekany hasaplanýar. Şolaryň biri-de Görogly etrabynda ýerleşýän Yzmykşir galasydyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy Yzmykşir galasy diňe bir binagärlik ýadygärligi bolman, eýsem, türkmen halkynyň maddy we ruhy mirasyny özünde jemleýän mukaddes künjekleriniň biridir. Yzmykşir galasy ylmy edebiýatda dünýä meşhur alym, dilçi we pelsepeçi Mahmyt Zamahşarynyň doglan mekany hökmünde tanalýar. 20 gektara golaý meýdany tutýan, belent palçyk diwarlary dört sany derwezesi bolan bu galada geçirilen ylmy-barlag we arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Yzmykşiriň orta asyrlarda diňe bir goranyş galasy bolman, eýsem, Gündogaryň iň ösen hünärmentçilik, söwda-medeni merkezleriniň biri bolandygyny subut edýär. Gazuw işleriniň barşynda tapylan dürli reňkli syrçaly, syrçasyz gap-çanaklar, küýze döwükleri bu ýerde küýzegärçilik senediniň ýokary derejede ösendigini görkezýär. Şeýle hem önümleriň ýüzündäki geometrik we ösümlik şekilli nagyşlar milli sungatyň kämil ösendiginden habar berýär. Tapylan gadymy teňňeler şäheriň söwda-satyk işlerine işjeň gatnaşandygyny we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda möhüm düşelgeleriň biri bolandygyny tassyklaýarlar. Görnükli alym Soltanşa Atanyýazowyň bellemegine görä, «Zamahşar» sözi araplaryň «belentlik» manysyndaky «şamaha» we «şäher» sözleriniň gysgalan görnüşinden emele gelip, «Belent şäher» diýmegi aňladýar. Halk arasynda bu galanyň ady diňe bir taryhy maglumatlar bilen däl, eýsem, täsirli rowaýatlar bilen hem baglanyşdyrylýar. Ýerli ilat arasynda ýaşaýan esasy rowaýatlara görä, gala diwarlarynyň gurluşyk garyndysy aýratyn däp-dessur berjaý edilip we mukaddes niýetler bilen taýýarlanylypdyr. Şol sebäpli hem bu gala asyrlaryň dowamynda dürli tebigy hadysalara, harby çozuşlara döz gelip, şu günlere çenli saklanyp galypdyr. Taryhy maglumatlara esaslanyp aýdanymyzda, ýerli ilatyň arasynda galanyň adynyň pars dilindäki «Şir» (arslan) sözi bilen baglanyşdyrylmagy hem-de gala goragçylarynyň görkezen edermenlikleriniň arslanlaryň batyrlygyna meňzedilmegi ýadygärligiň gahrymançylyk taryhyndan habar berýär.

 Häzirki wagtda Yzmykşir galasy halkara syýahatçylaryň, alymlaryň ünsüni çekýän taryhy-medeni merkezleriň biridir. Bu bolsa ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiligini artdyrmaga, medeni diplomatiýany ösdürmäge giň mümkinçilik berýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Şanly ýylyň dabaralanmagy
24.01.2025   381
Jemgyýet Berk binýat
07.07.2025   323
Jemgyýet Mukaddeslige hormatyň dabaralanmagy
14.03.2026   144
Jemgyýet 12-nji iýun — Ylymlar güni
12.06.2025   457
Jemgyýet Hasabat ýygnagy geçirildi
26.07.2024   559
Jemgyýet Bäsleşigiň döwlet tapgyry
27.04.2026   139
image