Geçmişden gaýdan owaz
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Geçmişden gaýdan owaz

Medeniýet
02.03.2026  66

Taryha nazar salanymyzda, milli gymmatlyklaryň ýüze çykmagynda dostlukly gatnaşyklaryň, tutanýerli yhlasyň ähmiýetine göz ýetirmek mümkin. Türkmen halkynyň gadymylygyny, milliligini, inçe sungatynyň kämil derejede bolandygyny tutuş dünýä ykrar edýär. Uzak müňýyllyklaryň dowamynda dünýäniň dürli sebitlerinde mesgen tutunan ata-babalarymyz milli gymmatlyklarymyzyň Ýer ýüzüne ýaýramagynda mynasyp goşandyny goşupdyrlar. Şeýle gymmatlyklaryň biri bolsa, türkmen zenanlarynyň çeperçiligini görkezýän, olaryň söýgüsini, mährini özüne siňdiren halylarymyzdyr. Elbetde, halyçylyk sungatynyň ilki nirede ýüze çykandygyny takyklamak kyn. Arheologlaryň tutanýerli zähmeti netijesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri haly dokamak üçin ulanylan birnäçe esbaplaryň, ýagny daraklaryň, keserleriň, ýüň egirmekde ulanylan çişleriň üstüni açdy. Galyberse-de, halylara salnan nagyşlaryň gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan keramiki gap-gaçlaryň ýüzündäki şekillere meňzeş bolmagy olaryň arabaglanyşygyny görkezýär.

Türkmen halysy baradaky maglumatlaryň köki gadymyýeti nazarlaýar. Andrea del Werredekonyň, Golbeýniň çeken suratlarynda türkmen halysynyň şekillendirilmegi türkmen halysyna bolan islegiň asyrlaryň jümmüşine uzaýandygynyň tassyknamasydyr. Şeýle hem Lorenso di Krediniň Pistoýede ýerleşdirilen ybadathanasynyň diwar bezeglerinde çeken suratlarynyň arasynda türkmen halysynyň gözel keşbiniň bolmagy guwandyryjydyr.

Türkmen zenanynyň ezber ussa meňzedilmeginiň hem halylaryň nepis dokalyşy bilen baglydygyna göz ýetirmek kyn däl. Çünki haly dokamak sungaty iňňe bilen guýy gazan ýaly ussatlygy, ezberligi talap edýän el hünäridir. Türkmen halysyna, ony dokan aýal-gyzlara dünýäniň ençeme syýahatçylary, jahankeşdeleri, arheologlary, etnograflary ýokary baha bermek bilen, öz pikirlerini ýatlamalara siňdiripdirler we ýazga geçiripdirler. G.Pugaçenkowanyň türkmen gyz-gelinleriniň haly dokamak sungatyny bal arysynyň irginsiz zähmetine meňzetmegi ýöne ýerden däldir.

Türkmen halysyna berilýän ýokary bahalar haly dokamak tehnologiýasyny türkmen zenanlarynyň uzak döwürleriň dowamynda kämilleşdirip, şu güne çenli ýetirendigi bilen düşündirilýär. Zenanlaryň mähri, yhlasy, söýgüsi siňdirilip dokalýan halylar diňe bir öýleriň, baýramçylyk dabaralarynyň bezegi bolman, eýsem, dünýä muzeýlerini hem bezäp, olaryň görküne görk goşýar. Şeýle muzeýleriň biri Sankt-Peterburgda ýerleşen Ermitaž muzeýidir. Bu muzeýiň esasy bezegleriniň biri bolan Pazyryk halysynyň V asyra degişlidigini ýörite barlaglar tassyklap, ol 1949-njy ýylda rus arheology S.I.Rudenko tarapyndan tapylypdyr. Haýran galdyryjy halynyň bu nusgasy üstünden 2400 ýyl geçendigine we buz astynda, doňaklygyň arasynda saklanyp galandygyna garamazdan, özüniň berkligini, çeýeligini, owadanlygyny, reňk öwüşginlerini ýitirmändir. Pazyryk depesinden tapylandygy üçin Pazyryk halysy diýlip atlandyrylýan bu türkmen halysyny synlanyňda, nagma kakýan bilbilleriň, toýnagyndan ot syçraýan türkmen ahalteke bedewleriniň, erkana perwaz kakýan guşlaryň keşbi hyýalyňda janlanýar. A.Baýmyradowanyň «Nagyşlardaky türkmen taryhy» atly ylmy işinde hem Pazyryk halysy baradaky maglumatlar derňelýär. Bu ylmy işde Pazyryk depesinde gazuw-agtaryş işleri geçirilende haly bilen birlikde, keçe we palas önümleriniň hem tapylandygy, olaryň birinde dört hatar goýun şahynyň şekillendirilendigi, goýnuň we keýigiň şahlarynyň şekilleriniň türki dilli halklaryň, esasan hem, türkmenleriň haly önümlerinde, durmuşda ulanan beýleki gurallarynda giňden ulanandygy baradaky maglumatlara gabat gelýäris.

Haly türkmen halkynyň ykbalyna badaşan mukaddes sungatdyr. Haly türkmen halkynyň durmuşyna, ýaşaýşyna çalymdaş bolup, türkmen öýüniň törüniň bezegidir, bedew atlarynyňdyr kejebeli düýeleriniň zynatydyr.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Görelde mekdebi
26.11.2025   103
Medeniýet «Çalsana, bagşy! — 2025»
27.08.2025   208
Medeniýet Gadymy sungatyň galkynyşy
19.02.2026   70
Medeniýet Baş baýramyň şanyna
01.10.2024   440
Medeniýet Halyçylar bäsleşdiler
13.05.2026   7
Medeniýet «Ýaňlan, Diýarym! — 2025»
03.06.2025   487
image