Daşoguz şäherindäki «Gözel» toý mekanynda Daşoguz şäher häkimliginiň, şäheriň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyny dabaralandyrmak maksadynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna dürli ugurlarda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşdylar.
Toýmekanynyň baýramçylyk sahnasynda welaýatymyzyň aýdym-saz ussatlarynyň, tanymal bagşylarynyň, tans toparlarynyň çykyşlaryýaýbaňlandyryldy. Sungat ussatlarynyň çykyşlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň waspyýetirilip, halkymyzyň bagtyýar döwrümize bolan buýsanjy doly açylyp görkezildi.
Hoş owazly nagmalarda altyn güýzüň ajaýyp görnüşlerine sazlaşyp gelýän şanly senäniň, bagtyýar durmuşymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlygymyzyň binýadyny berkitmek babatdaky beýik işleriniň waspy belentdenýetirildi. Toýsaçagynyň başynda döwre gurap oturan bagtyýar zenanlaryň kalplaryna ruhy joşgun eçilen göçgünliçykyşlar owadan tanslaryň sazlaşygy bilen dabaranyň mazmunyny artdyrdy.