Garaşsyzlyk — köňülleriň wysaly
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Garaşsyzlyk — köňülleriň wysaly

Jemgyýet
24.09.2026  55

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň, welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Daşoguz welaýat kitaphanasynyň eýwanynda geçirilen söhbetdeşlik «Garaşsyzlyk — köňülleriň buýsanjy» diýlip atlandyryldy. Onda welaýat kitaphanasynyň direktory Ogulhan Mätdurdyýewa, «Daşoguz habarlary» gazetiniň habarçylary Gözel Seýidowa, Ogulbagt Saparmämedowa, kitaphananyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Mähri Bekiýewa dagy ýurdumyzda durmuşa geçirilen belent maksatly tutumlar, milli ýol-ýörelgelerimiziň täzeden dikeldilendigi, barha kämilleşýändigi, döwrebaplaşýandygy barada pikir alyşdylar. Ajaýyp döwrümizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde mähriban Watanymyzyň ösüşleri, ähli ulgamlar boýunça gazanylýan üstünlikler, dost-doganlyk gatnaşyklaryň hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriň barha rowaçlanýandygy, täze taryhy döwrümizde ýaş nesilleriň arasynda milli mirasymyzy wagyz etmekde, ösdürmekde, dünýä ýüzüne ýaýmakda amala aşyrylýan işler dogrusynda buýsançly nygtadylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda halkymyzy bagtyýar, abadan durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Buýsançly günleriň joşguny
17.01.2026   186
Jemgyýet Hukuk binýady berkidilýär
14.10.2025   206
Jemgyýet Saglygym- baş baýlygym
03.03.2026   149
Jemgyýet Halkymyzyň guwanjy, ýakyn syrdaşy
25.10.2025   217
Jemgyýet Sapaly günler
08.06.2026   183
Jemgyýet Sagdynlyk — bagtyýarlyk, ruhubelentlik
15.07.2025   274
Jemgyýet «Magtymguly diýip adym tutsalar...»
25.12.2024   472
image