Garaşsyzlyk buýsanjym — bagtyýarlyk guwanjym
weather dashoguz 1° C Daşoguz

Garaşsyzlyk buýsanjym — bagtyýarlyk guwanjym

Jemgyýet
25.09.2024  60

Golaýda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap häkimliginiň, oba hojalyk pudagyna degişli edara-kärhanalaryň, medeniýet, bilim bölümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň Gubadag şäher medeniýet merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk buýsanjym — bagtyýarlyk guwanjym» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatda guralan çykyşlarda bagtyýarlygyň nurana menzillerinde durmuşymyza ornan ajaýyplyklaryň dowamly gerimi, Türkmenistanyň  Prezidentiniň ýurdumyzy ösüşleriň täze rowaçlyklary bilen öňe alyp gitmek, halkymyzyň medeni we maddy durmuşyny barha gowulandyrmak barada edýän taýsyz tagallalary barada bellediler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ata-babalarymyzyň, merdana pederlerimiziň asyrlarboýy eden arzuwlaryny wysal edendigini nygtadylar. Garaşsyzlygyň halkymyza öz pikir-düşünjelerini, türkmençilik ýoluny, müňýyllyklardan bäri sünnäläp gelýän ýörelgelerini dünýä wagyz etmäge, kämilleşdirmäge giň mümkinçilik açandygy barada uly buýsanç bilen aýdyldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Maşgala mukaddesligi wagyz edildi
15.08.2024   72
Jemgyýet Sapaly kenaryň ajaýyp goýnunda
20.11.2024   80
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
23.01.2025   26
Jemgyýet Hünärim bar — hormatym bar
03.08.2024   89
Jemgyýet Atlar bilen bagly aýtgylar
22.04.2024   92
image