Güneşli Diýarymyzyň ekologiýa abadançylygyny goramak, tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly garamak, howany arassa saklamak, baglary, gülleri, dürli ösümlikleri köpeltmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň meýdanyny köpeltmek, olary gorap saklamak maksady bilen, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda köp sanly işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde, täze tokaý zolaklary döredilip, seýilgähler, medeni-durmuş, dynç alyş maksatly merkezler yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär.
Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi Diýarymyzyň ajaýyp tebigatyny, milli aýratynlyklaryny goramaga, ony geljekki nesiller üçin aýawly saklamaga uly üns berilýär. Ýurdumyzyň umumy tutýan meýdanynyň agramly bölegini özünde jemleýän, ajaýyp gözellikleri, tebigy täsinlikleri bilen haýran galdyrýan Garagum sährasy halkymyzyň milli buýsanjydyr.
Sazak, gandym, sözen, borjak, çerkez ýaly agaçlaryň, yşgyn, ýowşan, selin, siňren, çeti ýaly gyrymsy ösümlikleriň, ýylak, güneýik, çyryş, düýedaban, gyzylgozalak ýaly otlaryň, gülleriň ençeme görnüşini özünde jemleýän Garagum sährasy ösümlik, haýwanat dünýäsine örän baýdyr.