Ganatly bedewleriň waspy
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Ganatly bedewleriň waspy

Jemgyýet
26.04.2024  525

Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralar merkezinde TMÝG-niň Daşoguz  welaýat geňeşiniň we Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guran çäresi «Şan-şöhraty dünýä dolan bedewim» diýlip atlandyryldy.

Çäräniň dowamynda tanymal atşynaslaryň, seýisleriň birnäçesi ata Watanymyzda atçylygy ösdürmek barada alnyp barylýan işlere öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şonuň ýaly-da Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýelden ýyndam bedewlerimiziň, ajaýyp durmuşymyzyň waspyny edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, joşgunly tanslar ýygnananlarda uly täsir galdyrdy. Şeýlelikde, bu çäre häzirki günlerde türkmen halkynyň milli baýlygy hasaplanylýan, dünýäde deňi-taýy bolmadyk gamyşgulak bedewlerimiziň şanyna çäksiz şatlyk-şowhun bilen dowam edýän dabaralaryň birine öwrülip, hemmeleriň göwnüni galkyndyrdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
18.04.2026   145
Jemgyýet Tomus — 2025
20.06.2025   335
Jemgyýet Hasabat ýygnagy
18.07.2026   112
Jemgyýet Halk Maslahaty — beýik işlere badalga
05.08.2024   485
Jemgyýet Kalplary buýsançly bagtyýar iller
16.09.2025   254
Jemgyýet Alma
01.04.2024   508
Jemgyýet Ýurduň daýanjy ýaşlar
14.02.2023   497
Jemgyýet Bilimden paýly nesiller
02.09.2024   546
image