Gallaçylarynyň zähmet üstünligi
weather dashoguz 38° C Daşoguz

Gallaçylarynyň zähmet üstünligi

Ykdysadyýet
27.06.2026  76

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp hem-de çäksiz goldawlaryndan önjeýli peýdalanyp, yhlasly zähmet çeken Daşoguz welaýatynyň  Görogly etrabynyň gallaçy daýhanlary Watan harmanyna bugdaý tabşyrmak baradaky ýyllyk meýilnamalaryny welaýatda ilkinji bolup üstünlikli ýerine ýetirmek bilen, uly abraýa eýe boldular. Olar şonda 15,5 müň gektar meýdandan 29450 tonnadan gowrak ýokary hilli, dokmaňyz däne öndürmegiň hötdesinden geldiler. Munuň özi olaryň geçen ýylyň güýzünden bäri öz galla meýdanlarynda çeken ýadawsyz zähmetleriniň guwandyryjy netijeleri berendigini aňladýar.

Gazanylan bu uly zähmet ýeňşine etrabyň H.Myradow adyndaky, «Ýagtylyk», Magtymguly adyndaky, «Aksaraý» B.Öwezow adyndaky we beýleki daýhan birleşikleriniň gallaçy kärendeçileri öz ýyllyk meýilnamalaryny öňdäkileriň hatarynda ýerine ýetirip, uly goşant goşdular. Etrabyň gallaçylary hasylyň galan bölegini çalt hem-de ýitgisiz ýygnap almak ugrundaky işleri ýokary depginde dowam etdirýärler. Bu bolsa olaryň galla harmanlarynyň has-da belent boljakdygyna şaýatlyk edýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Gowaça ekişiniň depgini ýokarlanýar
04.04.2026   77
Ykdysadyýet Üstünlik yhlasa bagly
10.10.2025   157
Ykdysadyýet Bol hasyla ynam bilen
31.01.2023   344
Ykdysadyýet Bugdaý maýsalary iýmitlendirilýär
28.02.2025   248
Ykdysadyýet Gowaça bejergisi ýokary depginde
10.08.2024   367
Ykdysadyýet Bereketli hasylyň binýady
15.10.2025   172
Ykdysadyýet Kömelegiň bereketli hasyly
27.10.2025   153
Ykdysadyýet Hususy kärhananyň döwrebap işleri
29.05.2025   229
image