Gyş paslynyň şu günlerinde-de gallaçy daýhanlaryň aladalarynyň ýetikdigini Daşoguz welaýatynyň haýsy bir ýerine barsaň hem görmek mümkin. Çünki olar giň meýdanlardaky bugdaýlary ýerli we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ýakyn wagtlarda bu ekinlere ösüş suwuny bermekde ulanyljak akabalary, salmalary arassalamak ýaly derwaýys çäreleri öndürijilikli dowam etdirýärler. Bu babatda welaýatyň Akdepe etrabynyň R.Ataýew adyndaky daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda hem depgin barha ýokary göterilýär.
Belli bolşy ýaly, bu hojalykda geçen ýylyň güýzünde 1300 gektar meýdana bugdaý ekilip, kadaly gögeriş gazanylypdyr. Şonda ýerleriň oňat sürlüp tekizlenilmegi, suwdan birkemsiz gandyrylmagy, ekişiň öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrylmagy şeýle oňat netijäniň üpjün edilmegine şert döredipdir. Şunlukda, şol döwürde bugdaý maýsalaryna göwnejaý ideg etmek ugrundaky çärelere-de agzybirlik bilen girişilip, olar ýerli we mineral dökünler bilen iýmitlendirilipdir. Bu bolsa bugdaýlaryň gyşdan öň topraga berk penje urmagyna, berdaşlanmagyna ýardam beripdir.
Daýhan birleşiginde gallaçy kärendeçileriň 560-dan gowragy bugdaý hasylyny kemala getirmek boýunça şertnama baglaşyp, özlerine berkidilen meýdanlarda zerur çäreleri gyzgalaňly alyp barýarlar. Ýeri gelende bellesek, olaryň köpüsi bu ugurdan ýeterlik iş tejribesi bolan, şonuň netijesinde ýylyň-ýylyna saldamly hasyl ýetişdirmegiň hötdesinden gelmegi başarýan adamlar hasap edilýär. Şeýle öňdebaryjy gallaçylaryň hatarynda Gülröwşen Amanowa, Nurbike Nepesowa, Serdar Kakaýew we beýlekiler bolup, olar geçen ýyl her gektaryň hasyllylygyny 40 — 50 sentnere ýetirmek bilen, häzirki dowam edýän ýylymyzda öňlerinde has-da belent sepgitleri goýupdyrlar. Öz işine yhlasly kärendeçileriň şu günlerdäki depginli zähmeti olara ýene-de uly üstünlikleriň hemra boljakdygyndan habar berýär.
Ýokarda nygtaýşymyz ýaly, kärende meýdanlaryndaky bugdaýlara şeýle yhlasly ideg edýän gallaçy daýhanlar bu ýerde başga-da az däl. Olara ekinlere dökün bermekde we beýleki işlerde daýhan birleşiginiň mehanizatorlarynyň birnäçesiniň ýakyndan goldaw berýändiklerini hem belläp geçmek ýerlikli bolar. Bir söz bilen aýdylanda, hojalygyň gallaçylarynyň, hünärmenleriniň, mehanizatorlarynyň şeýle agzybirlikli zähmeti olaryň şu ýylymyzyň hem uly üstünliklere beslenmegine mynasyp goşant goşmaklaryna mümkinçilik döredýär.