Gallaçylaryň armasy ýetirildi
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Gallaçylaryň armasy ýetirildi

Ykdysadyýet
28.06.2024  353

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň gallaçylary 17500 gektar ýerde «guşgursak» ak bugdaýyň bereketli hasylyny kemala getirip, şu günler galla oragyny barha gyzgalaňly dowam etdirýärler. Ýokary guramaçylykly dowam edýän bu jogapkärli möwsümde günortanky gysga wagtlyk arakesme wagtynda medeni çäreler geçirilip, orak möwsümine gatnaşýanlaryň armasy ýetirilýär. Şeýle çäreleriň biri etrabyň «Akgala» daýhan birleşiginiň galla meýdanynda hem geçirildi.

Çärä il sylagly ýaşulular, kombaýnçylar, sürüjiler, kärendeçiler gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda orak möwsümine gatnaşýan oba zähmetkeşlerine türkmeniň milli tagamlary hödürlendi. Medeniýet-sungat ussatlary özleriniň estrada we halk aýdym-sazlary bilen möwsüme gatnaşýanlara ruhy lezzet paýladylar. Olar aýdym-sazly çykyşlarynda rysgal-bereketli ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini, eşretli zamanamyzy, päk zähmeti wasp etdiler, etrap merkezi kitaphananyň işgärleri-de bu çärä işjeň gatnaşyp ýurdumyzda gündelik gazet-žurnallarda çap edilen täzeliklerdir hoş habarlar bilen tanyşdyrdylar. Dermanhana işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan çaýlardan hödürlediler. Bu ýerde söwda-satuw işleri gurnalyp, gerek bolan harytlary satyn almaga mümkinçilik döredildi. Bu çäre orak möwsümine gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlap, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Baglar —zeminiň bezegi
12.02.2025   297
Ykdysadyýet Bugdaý maýsalary iýmitlendirilýär
28.02.2025   248
Ykdysadyýet Gowaça ekişiniň depgini ýokarlanýar
04.04.2026   77
Ykdysadyýet Guşlaryň täsin dünýäsi
13.08.2025   232
Ykdysadyýet Gowaça bejergisi güýçli depginde
18.06.2024   340
Ykdysadyýet Okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy
12.12.2024   316
image