Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçirýän iş maslahatlarynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bereketli bugdaý hasylyny kemala getiren hem-de ony ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna goşan gallaçy daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek baradaky möhüm tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny nazarda tutmak bilen, şu günlerde Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB-niň Daşoguz welaýat şahamçasynyň işgärleri derwaýys çäreleri durmuşa geçirýärler. Şonuň netijesinde, topraga yhlas siňdirip, halal zähmetleriniň miwesine guwanmaga giň mümkinçilik döredilýän gallaçylar öz hasaplaryna geçirilen pul serişdelerini bankomatlaryň üsti bilen alyp, maňlaýlaryna sylýarlar. Olar ýer ekip, hasyl almak babatda döredilýän ýeňillikli şertlerdir mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarlar. Zähmetkeş daýhanlaryň halal gazançlary toýly günlerine ýarap, maşgalalarynyň has-da gurplanmagyna ýardam edýär. Şonuň bilen birlikde-de, bu uly goldawlar gallaçylary täze ýylyň bol hasylynyň düýbüni has-da ykjam tutmaga ruhlandyrýar.