Gallaçylar bilen hasaplaşyklar geçirilýär
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Gallaçylar bilen hasaplaşyklar geçirilýär

Ykdysadyýet
11.07.2025  310

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň, şol sanda Daşoguz welaýatynyň gallaçy daýhanlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda kemala getirilen bugdaý hasylyny çalt hem-de ýitgisiz ýygnap almaga ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirmek bilen, Watan harmanyna goşant goşmakda guwandyryjy netijelere eýe bolýarlar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlislerinde, şeýle hem iş maslahatlarynda gallaçylaryň gazanýan üstünlikleri barada durup geçip, olaryň döwlete tabşyran hasyly üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda amala aşyrylmagynyň derwaýysdygyny aýratyn nygtaýar. Şondan ugur almak bilen, welaýatda hem degişli çäreler günübirin amala aşyrylýar. Bank edaralarynyň işgärleriniň bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň dessin ýerine ýetirilmegine gönükdirilen aladalary oňat netijeleri berýär. Şunlukda, ussat gallaçylarymyzyň özleriniň döwlet harmanyna goşan bugdaý hasyly üçin degişli bolan pul serişdelerini bankomatlaryň üsti bilen islendik wagtda almaklaryna şert döredilýär. Ýurdumyzda bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrmak baradaky çözgüde laýyklykda, olaryň gazançlary has artyk bolup, maşgalalarynyň gurplanmagyna, toý-baýramly günleriniň köpelmegine ýardam berýär. Öz halal gazançlaryny maňlaýlaryna sylýan gallaçy daýhanlar hormatly Prezidentimize çäksiz goldawy üçin tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Pudak ösüş ýolunda
19.02.2026   149
Ykdysadyýet Suw bolçulygy ugrunda
04.12.2025   217
Ykdysadyýet Bugdaý maýsalary iýmitlendirilýär
27.11.2024   327
Ykdysadyýet Şalyçylaryň zähmet üstünligi
02.12.2024   331
Ykdysadyýet Aýgytly günlerdäki yhlasly zähmet
11.06.2026   138
Ykdysadyýet Hasyl toýuna
09.11.2024   368
Ykdysadyýet Belent maksada eýerip
13.06.2025   237
image