​​​​​​​Galla hasyly ýangyndan goralmalydyr
weather dashoguz 38° C Daşoguz

​​​​​​​Galla hasyly ýangyndan goralmalydyr

Jemgyýet
03.06.2026  51

Galla oragy möwsüminde ýangyn howpunyň döremeginiň öňüni almak maksady bilen, Daşoguz  welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi şulary ýatladýar.

Galla oragyna gatnaşýan oba hojalyk tehnikalary ilkinji ýangyn söndüriji serişdeler bilen üpjün edilmeli. Olaryň tüsseçykarlary uçgun söndüriji serişdeler bilen enjamlaşdyrylmalydyr. Tehnikalara tehniki hyzmat etmek, ýangyç guýmak ýa-da kebşirleýiş enjamlaryndan peýdalanmak işini hasylly meýdandan 100 metr aradaşlykda, takyrlykda geçirip, şol ýerleriň daş-töweregi sürülmelidir.

Kombaýnlaryň çarhlarynadyr aýlanýan oklaryna baldaklaryň saralyp galmazlygyna birsyhly gözegçilik edip, olary öz wagtynda arassalap durmaly. Ýagly esgilerdir çüýşe gaplary, aýna döwükleri hasylly meýdanlaryň çäklerine taşlanylmaly däldir. Galla meýdanlarynyň demir, gara ýol ýakalarynda 30 metrden az bolmadyk ýangyna garşy araçäk açylyp, şol ýerde ini 4 metr, çuňlugy 25 — 30 santimetrden az bolmadyk sürüm işleri geçirilmeli. Şeýle-de has uly göwrümli galla meýdanlar çäklere bölünip, olaryň arasynda ini 8 metr bolan orlan ýerde ini 4 metr ýer sürülip, ýangyna garşy araçäkleri döretmeli.

Hojalyk hajatlary üçin ody açyk meýdanda, ýelsiz howada, daş-töweregi azyndan 15 metr giňlikde ot-çöplerden arassalanan, ýarym metre çenli gazylan çukurda ýakmak maslahat berilýär. Mehanizatorlar üçin wagtlaýyn düşelgeler däne meýdanlaryndan, harmanlardan, küdelerden azyndan 100 metr uzaklykda ýerleşdirilse kada laýyk bolar. Hasyly ýygnalýan ýerlerde azal tirkelen traktory, suw çelekli awtoulagy taýýarlap goýmak zerurdyr.

Tehnikalaryň sürtülýän we çendenaşa gyzýan ýerlerine saman sypallarynyň düşmezligi gazanylsa örän ýerlikli bolar. Elektrik akymy bilen işe girizilýän tehnikalaryň herekete getirijileriniň akkumulýatoryny tokdan kesmek üçin öçürijisi bolmaly. Şeýle-de tehnikalaryň elektrik geçirijileri mäkäm örtülip, berkidilip, dürli zeper ýetmelerden goralmaly. Däne harmanlary jaýlardan we beýleki desgalardan azyndan 50 metr, däne meýdanlaryndan bolsa azyndan 100 metr daşlykda ýerleşdirilmeli. Harman üçin bellenen ýer dürli gyrymsy ösümliklerden arassalanyp, onuň töwereginde azyndan 4 metr inlilikdäki araçäk sürülmeli. Däne saklanýan ammarlar aýratyn duran özbaşdak jaýlarda ýerleşdirilmeli. Ammarlaryň derwezesi daşyna açylýan bolmaly, päsgel berip biläýjek zatlaryň goýulmagy talaba laýyk däldir.

Däne saklanylýan ýerlerde däne bilen bilelikde ýangyn howply materiallaryň saklanylmagy, ammarlaryň jaýynda içinden ot alýan hereketlendirijisi bolan arassalaýjy we beýleki tehnikalary ulanmak, tehniki taýdan gurat bolmadyk tehnikalary işletmek, olary gözegçiliksiz galdyrmak doly gadagan edilýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Goşa mukaddesligiň şanyna
16.05.2025   277
Jemgyýet Garaşsyzlyk — baky bagtymyz
28.08.2025   221
Jemgyýet Baky bagtyň mekany
16.02.2026   111
Jemgyýet Ynsanperwer däpleriň dabaralanmagy
02.04.2025   341
Jemgyýet Okuw maslahaty geçirildi
30.12.2025   183
Jemgyýet Buýsançly gürrüňler edildi
27.08.2025   177
Jemgyýet Bilim işgärleriniň awgust maslahaty
23.08.2024   458
image