Galla — 2026
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Galla — 2026

Ykdysadyýet
02.07.2026  67

Belent sepgitler, guwandyryjy üstünlikler

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bugdaý oragy möwsümini üstünlikli geçirmek, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda hem-de ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna goşmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alyp gaýratly zähmet çekýän Daşoguz welaýatynyň gallaçy daýhanlary guwandyryjy netijelere eýe bolýarlar. Munuň şeýledigini bu babatda şu ýyl üçin bellenen meýilnamalaryny abraý bilen berjaý eden etraplaryň, daýhan birleşikleriniň, zähmetsöýer gallaçy daýhanlaryň köp sanlysynyň ýeten belent sepgitleri hem aýdyň tassyklaýar.

Bu barada aýdylanda, welaýatyň Görogly, Şabat, Gubadag, Akdepe, Köneürgenç, Boldumsaz etraplarynyň gallaçylarynyň gazanan üstünlikleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar welaýatda şu ýylyň bugdaý oragyna badalga berlen gününden bu çäräniň depginini ýokary götermek hem-de ony bökdençsiz alyp barmak bilen, özleriniň ýyllyk meýilnamalaryny öňdäkileriň hatarynda amal etmegi başardylar. Meýilnama ýerine ýetirilende Görogly etrabynyň gallaçylary 29450, Şabat etrabynyň gallaçylary 29600, Gubadag etrabynyň hasyl ussatlary 23172, Akdepe etrabynyň gallaçy daýhanlary 35535, Köneürgenç etrabynyň kärendeçileri 32000, Boldumsaz etrabynyň gallaçylary 18425 tonna ýokary hilli bugdaý öndürmegiň hötdesinden geldiler. Bu ugurdaky aladalary guramaçylykly dowam etdirýän bu gallaçylaryň bugdaý harmanlary barha beýgelýär.

Şonuň ýaly-da döwlet harmanyna galla tabşyrmakda has tapawutlanan daýhan birleşikleriniň käbiriniň atlaryny agzamak ýerlikli bolar. Olaryň hatarynda Akdepe etrabynyň «Pagtaçylyk», Mollanepes adyndaky, Görogly etrabynyň H.Myradow adyndaky, «Ýagtylyk», Gubadag etrabynyň «Döwletli», «Türkmenistan», Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Şamahy», «27-nji oktýabr», Köneürgenç etrabynyň «Bereket», «Akgala», Boldumsaz etrabynyň «Guýanagyz», «Agzybirlik» we beýleki daýhan birleşikleriniň bardygy örän guwandyryjydyr.

Galla oragyny öndürijilikli alyp baryp, uly üstünlige eýe bolan Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň zähmetsöýer gallaçylarynyň gazanan üstünligi hakynda aýratyn durup geçmek ýerliklidir. Çünki olar geçen ýylyň güýzünde 2420 gektar meýdanda bugdaý ekişini geçirmek hem-de onuň kadaly gögerişini gazanmak bilen, ideg çärelerini-de talabalaýyk amala aşyryp, bereketli hasyl ýetişdirdiler. Şeýlelikde, olar şu möwsümde 5200 tonnanyň ýerine 9 müň tonna golaý guşgursak bugdaýy Watan harmanyna tabşyryp, bu baradaky ýyllyk meýilnamany 160 göterimden gowrak ýerine ýetirdiler. Munuň özi paýdarlar jemgyýetiniň gallaçylarynyň agzybirlikli zähmetiniň örän guwandyryjy netijeleri berendigini alamatlandyrýar.

Belläp geçişimiz ýaly, welaýatymyzyň gallaçy kärendeçileriniň köp sanlysy şu orak möwsüminde özleriniň şertnamalaýyn borçnamalaryny has irki möhletlerde ýerine ýetirip, uly abraýa mynasyp boldular. Olardan Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginden Gurbangeldi Jepbarowyň, Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinden Sanabar Genjaýewanyň, Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginden Gülsere Sadullaýewanyň we beýlekileriň atlaryny tutmak bolar. Sebäbi şeýle öňdebaryjy gallaçylar öz meýilnamalaryny diňe bir ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirmän, eýsem, her gektaryň hasyllylygynyň hem göz öňüne tutulanyndan has ýokary bolmagyny gazandylar.

Ýurdumyzda gallaçy daýhanlar baradaky giň gerimli aladalara, döredilýän oňaýly şertlere has-da ýokary sepgitlere ýetmek bilen jogap bermäge çalyşýan gallaçy daýhanlar atyzlarda bar bolan bugdaý hasylyny iň soňky dänesine çenli ýygnamaklyga gönükdirilen işleri gowşamaýan depginde dowam etdirýärler. Bu bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda olaryň galla harmanlarynyň has-da belent boljakdygyna şaýatlyk edýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Raýat goranyşyna bagyşlanyldy
25.01.2023   448
Ykdysadyýet Gallaçylaryň armasy ýetirilýär
23.06.2026   58
Ykdysadyýet Bol pile hasyly ugrunda
07.05.2025   200
Ykdysadyýet Bol hasyl ugrunda
31.03.2025   292
Ykdysadyýet Jogapkärli möwsüme taýýarlyk
05.06.2024   294
Ykdysadyýet Halal gazanç — rysgal-döwlet
29.07.2024   329
Ykdysadyýet Bereketli hasylyň binýady
11.04.2026   99
image