Zähmetsöýer gallaçylaryň üstünligi
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bugdaý oragy möwsümine agzybirlik bilen girişen Daşoguz welaýatynyň gallaçy kärendeçileri ilkinji günlerden iş depginlerini ýokarlandyryp, Watan harmanyna guşgursak däne tabşyrmakda guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Munuň şeýledigine öz ýyllyk meýilnamasyny üstünlikli berjaý edýän gallaçy kärendeçileriň, daýhan birleşikleriniň sanynyň barha artmagy aýdyň şaýatlyk edýär.
Bu barada aýdylanda, welaýatyň Akdepe etrabynyň «Pagtaçylyk» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileriniň ýeten belent sepgidi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýagny, olar geçen ýylyň güýzünde ekiş geçirilen 830 gektar meýdanda bol bugdaý hasylyny ýetişdirip, 1570 tonna ýokary hilli dänäni döwlet harmanyna goşmak bilen, bu baradaky ýyllyk meýilnamany welaýatymyzda ilkinji bolup üstünlikli berjaý etdiler. Gazanylan bu zähmet ýeňşinde birleşigiň ezber gallaçylaryndan 4,2 gektar ýerden 32 tonna bugdaý ýygnap, her gektaryň hasyllylygyny 77 sentnere ýetiren Meret Nuryýewiň, 2 gektar meýdandan 12,6 tonna däne öndürip, hasyllylygy 60 sentnerden agdyran Dünýägözel Baýlyýewanyň, 1 gektar ýerden 5,3 tonna galla alyp, gektaryň hasyllylygyny 53 sentnere ýetiren Bazar Meredowyň we beýlekileriň mynasyp paýlary bar. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri bugdaý oragyny uly hyjuw bilen dowam etdirip, Watan harmanynyň beýgelmegine has-da uly goşant goşmak maksadynda, gaýratly zähmet çekýärler.
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Şamahy», Görogly etrabynyň H.Myradow adyndaky, Gubadag etrabynyň «Amyderýa» daýhan birleşikleriniň hasyl ussatlary hem döwlet harmanyna guşgursak ak bugdaýy tabşyrmak bilen, belent sepgide ilkinjileriň hatarynda ýetip, uly üstünlige eýe boldular. Munuň özi olaryň döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanyp, geçen ýylyň güýzünden bäri çeken yhlasly zähmetleriniň ýerine düşendigini alamatlandyrýar. Gazanan üstünliklerini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgat hasaplaýan gallaçylar öz gujur-gaýratlaryny hasylyň galan bölegini iň soňky dänesine çenli ýygnamaklyga gönükdirýärler.