Galla — 2026
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Galla — 2026

Ykdysadyýet
14.05.2026  158

Tehnikalar möwsüme taýýarlanylýar

Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bugdaý oragy möwsümine hemmetaraplaýyn ykjam taýýarlyk görmek baradaky derwaýys tabşyryklaryndan ugur alýan Daşoguz welaýatynyň gallaçy daýhanlary, degişli edara-kärhanalarynyň işgärleri zerur çäreleri durmuşa geçirýärler. Şeýlelikde, olar meýdanlardaky ekinlere göwnejaý ideg etmek, galla oragynda ulanylmagy göz öňünde tutulýan tehnikalary abatlamak işlerini ýokary hilli ýerine ýetirýärler.

Belli bolşy ýaly, golaý gelen möwsümde welaýat boýunça 145 müň gektar meýdanda bugdaý oragyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde galla oragyna gatnaşdyryljak kombaýnlaryň, ýük ulaglarynyň möwsüme doly taýýar edilmeginiň aýratyn möhüm ähmiýeti bar. Şuny nazara almak bilen, Daşoguz welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki kärhanalarynda alnyp barylýan işler bellenilmäge mynasypdyr.

Bu babatda Şabat etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň işçi-hünärmenleriniň galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde alyp barýan işlerini nygtamak zerur. Olar şu günler kombaýnlary, beýleki tehnikalary gözden geçirmegi, abatlamagy ahyrky tapgyrda dowam etdirýärler.

Önümçilik kärhanasynyň tehnikalary abatlamak, zerur serişdeler bilen üpjün etmek babatdaky çärelere has öňünden girişilipdir. Şonuň netijesinde bugdaý oragyna gatnaşdyryljak jemi 33 sany kombaýnyň köpüsi şu wagta çenli doly abatlanylyp, taýýarlyk hatarynda goýlupdyr. Bu işlerde kärhananyň kombaýnçylary, abatlaýjy ussalary gaýratly zähmet çekipdirler.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Galla oragynyň depgini ýokary
17.06.2026   138
Ykdysadyýet Ulgam ösüş ýolunda
15.12.2023   407
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   96
Ykdysadyýet Daýhan yhlasynyň ajaýyp netijeleri
28.07.2025   254
Ykdysadyýet Azyk bolçulygyna goşant
21.04.2026   168
Ykdysadyýet Pileçileriň zähmet üstünligi
14.06.2025   266
Ykdysadyýet Gallaçylarynyň zähmet üstünligi
27.06.2026   142
Ykdysadyýet Milli ykdysadyýetimiziň mizemez kuwwaty
15.12.2025   230
image