Galla — 2025
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Galla — 2025

Ykdysadyýet
24.06.2025  232

Ak bugdaýyň harmany beýgelýär
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ak bugdaýyň bereketli hasylyny kemala getiren Daşoguz  welaýatynyň gallaçy daýhanlary tomus paslynyň häzirki gyzgalaňly günleriniň her bir pursadyndan ýerlikli peýdalanyp, ony ýitgisiz ýygnap alyp, Watan harmanyna goşmak ugrunda ýadawsyz zähmet çekýärler. Şeýlelikde, olaryň kabul ediş bölümlerine tabşyrýan ýokary hilli bugdaý hasylynyň möçberi  artyp, altyn çäç harmanlary barha beýgelýär. Munuň özi başarjaň gallaçylaryň hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldawlaryndan, döredýän şertlerinden önjeýli peýdalanmak bilen, ak bugdaýyň öz topragymyzda öndürilişini has-da artdyrmak barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmak maksadynda amala aşyrýan çäreleriniň guwandyryjy netijeleri berýändigini alamatlandyrýar.

Şeýlelikde, häzirki günlerde gallaçylaryň meýdanlardaky hasyly ýygnap almakdaky agzybirlikli zähmetleri olara uly üstünlikleri getirýär. Munuň şeýledigini aýry-aýry daýhan birleşikleriniň, köp sanly kärendeçileriň döwlete galla tabşyrmak baradaky ýyllyk meýilnamalaryny öňdäkileriň hatarynda berjaý edýändikleri hakynda yzygiderli gelip gowuşýan hoş habarlar hem tassyklaýar.

Bu babatda aýdylanda, welaýatyň Köneürgenç etrabynyň «Bereket», Görogly etrabynyň «Aksaraý», Boldumsaz etrabynyň «Döwletli», Akdepe etrabynyň «Aşgabat», Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşikleriniň, Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ezber gallaçylarynyň gazanan üstünliklerini aýratyn bellemeli. Çünki olar bugdaý oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlykly girişip, ony guramaçylykly dowam etdirmek bilen, pellehana irki möhletlerde ýetmegiň hötdesinden geldiler. Bu olaryň zähmetsöýerliginiň, yhlasynyň netijesidir.

Şonuň ýaly-da kärendeçi daýhanlaryň köp sanlysynyň döwlete tabşyran guşgursak bugdaýynyň möçberiniň göz öňünde tutulanyndan has köp bolandygyny aýtmak gerek. Olara mysal hökmünde Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçisi Öktem Kerimowyň, Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbangeldi Jepbarowyň, Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulbeg Meňlibaýewanyň, Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aşyrbaý Şirjanowyň we beýlekileriň bu babatda ýeten sepgitlerini görkezmek bolar. Ýyllyk meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek bilen, uly abraý gazanýan gallaçylaryň sanynyň günsaýyn artýandygy örän guwandyryjydyr.

Gazanylýan şeýle üstünliklerde welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky önümçilik kärhanalarynyň kärine yhlasly kombaýnçylarynyň uly goşantlary bar. Çünki olar kuwwatly, ýokary öndürijilikli kombaýnlara ussatlyk bilen erk edip, her günde müňlerçe gektar meýdanda orak geçirmegi başarýarlar. Şonuň bilen birlikde-de, ýygnalan hasyly harmana daşamakda, ony kabul etmekde ulag sürüjileriň, hünärmenleriň çekýän zähmetleri-de bellenilmäge mynasypdyr.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Guramaçylykly alnyp barylýar
20.06.2026   77
Ykdysadyýet Bugdaýyň idegi ýetirilýär
15.01.2025   286
Ykdysadyýet «Repetegiň» ajaýyp gözelligi
14.08.2025   243
Ykdysadyýet Gowaça bejergisi gyzgalaňly barýar
21.07.2025   355
Ykdysadyýet Görkana gülleriň aşygy
14.03.2025   309
Ykdysadyýet Ekişe ykjam taýýarlyk
26.01.2026   143
Ykdysadyýet Hojalykda ulanylan kädiler
07.07.2025   308
Ykdysadyýet Işleriň depgini ýokary
03.04.2025   316
image