«Galkynyşyň» galkynyşly menzili
weather dashoguz 24° C Daşoguz

«Galkynyşyň» galkynyşly menzili

Jemgyýet
06.02.2026  111

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde, Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermegi bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy halkymyzyň şatlygyny artdyryp, buýsanjyny belende göterdi.

Türkmen halkynyň durmuşynda ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewler aýratyn orny eýeleýär. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşy tohumlarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr. Munuň şeýledigini ata Watanymyzyň ösüşleriniň bedew badyna deňelmegi, ýurdumyzda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzda milli atşynaslyk sungatyny, atçylyk sportuny ösdürmek üçin ähli şertler hem-de giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizde sirk sungaty yzygiderli ösdürilýär.

Türkmen sirk sungatynyň ösüşinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna uly ornuň degişlidigini bellemek gerek. Bu topar 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy esasynda döredildi. Toparyň dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara mynasyp bolandygy örän guwandyryjydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýelden ýüwrük bedewler Watanymyzyň ösüşiň we döredijiligiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketini alamatlandyryp, milletimiziň mirasynyň, türkmen halkynyň paýhasynyň dowamatlylygynyň beýanyna öwrülýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
10.07.2025   305
Jemgyýet «Ýaňlan, Diýarym!»
08.08.2024   358
Jemgyýet Bol harytly mekdep bazarlary
14.08.2024   495
Jemgyýet Görelde mekdebi
10.12.2025   134
Jemgyýet Sahawatly işlere buýsanmak bagty
12.03.2026   81
Jemgyýet Dabaraly maslahat
02.10.2024   345
Jemgyýet Ýylyň okyjysy
03.01.2025   328
Jemgyýet Ynsanperwer däpleriň dabaralanmagy
02.04.2025   317
image